

Türkmen boksçysy rus promouşnde söweş geçirer
Türkmen boksçysy Ihtiýar Maşaripow rus söweşijisi Sergeý Makedona garşy çykyş eder. Bu barada ORIENT-e Türkmenistanyň Boks federasiýasynda habar berdiler.


Türkmen boksçysy Ihtiýar Maşaripow rus söweşijisi Sergeý Makedona garşy çykyş eder. Bu barada ORIENT-e Türkmenistanyň Boks federasiýasynda habar berdiler.


Türkmen tennisçileri 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda uly tennis boýunça Aziýa we Okeaniýa sebitiniň arasyndaky World Junior Tennis Competition 2023 dünýa Çempionatynyň play-off tapgyryna çykmagy başardylar.


«Матч ТВ» sport teleýaýlymy türkmen boksçysy Ihtiýar Maşaripow we rus göreşijisi Sergeý Makedonyň arasynda 17-nji fewralda Moskwada «Akwarium» arenasynda boljak söweşi göni ýaýlymda görkezer.


Sport babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselesi Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Gulmyrat Agamyradowyň Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Wýaçeslaw Beskost bilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Belorussiýanyň diplomatik wekilhanasynyň saýty habar berýär.


Aziýanyň 13 milli olimpiýa komitetleri (MOK) türgenleri çekmek we okatmak boýunça maksatnama badalga berdiler.


Türkmenistanly sportuň erkin göreş boýunça ussatlary 11-12-nji fewralda Bakuda A.Azizowyň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp geçirilen göreş boýunça açyk halkara ýaryşynda 11 medala mynasyp boldular.


Türkmenistanyň dzýudo boýunça ýygyndy topary Tel-Awiw şäherinde 16-18-nji fewral aralygynda geçiriljek “Uly şlem” ýaryşyna gatnaşar.


“Real Madrid” topary Marokkoda geçirilen klub dünýä çempionatynda finalda Saud Arabystanynyň “Al-Hilaly” toparyny 5-3 hasabynda utup, bäşinji gezek ýeňiji boldy. Hasaby 13-nji minutda Winisius Žunior açdy. Bäş minut soňra Federiko Walwerde “Realyň” artykmaçlygyny berkitdi.


Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň dzýudoçysy Hekim Agamämmedow 11-12-nji fewral aralygynda Sofiýada (Bolgariýa) geçirilen dzýudo boýunça Ýewropa açyk çempionatynda (European Open) 66 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medala mynasyp boldy.


13-15-nji oktýabrda geçiriljek ýetginjekler we ýaşlar dünýä çempionatynyň geçiriljek ýeri hökmünde Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäheri saýlandy. Degişli karar Halkara sambo federasiýasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň agzalary tarapyndan kabul edildi - diýlip, guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.


FIFA 2022-nji ýylyň (2021/22 möwsümi we 2022-nji ýylyň dünýä çempionaty boýunça) iň gowy oýunçysynyň baýragyna mynasyp üç dalaşgäri yglan etdi. Olar – Lionel Messi (“PSŽ”, Argentina), Kilian Mbappe (“PSŽ”, Fransiýa) we Karim Benzema (“Real”, Fransiýa).


Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşyklarynda sportuň käbir görnüşleri boýunça çempionatlary geçirmek meýilleşdirilýär. Penşenbe güni, 9-njy fewralda GDA-nyň Minskidäki baş edarasynda bilermenler toparynyň mejlisinde Düzgünnamanyň degişli taslamasyna garaldy.


Türkmen türgenleri 23-nji fewraldan 5-nji mart aralygynda Kemerowo oblastynda (Russiýa) geçiriljek “Aziýanyň çagalary” atly II gyşky Halkara sport oýunlarynda figuralaýyn typmak, şort-trek we gar üstünde woleýbol boýunça çykyş ederler.


9-18-nji fewral aralygynda Türkmenistanyň ok atyjylyk boýunça ýygyndy toparynyň wekilleri Kuweýtde geçirilýän okuw türgenleşiklerine we okuw seminaryna gatnaşarlar. Çäräni Aziýa atyjylyk konfederasiýasy guraýar.


Halkara olimpiýa komiteti 2024-nji ýylyň 19-njy ýanwaryndan 1-nji fewraly aralygynda Koreýa Respublikasynyň Kanwondo şäherinde geçiriljek IV gyşky ýetginjekler Olimpiýa oýunlarynyň medalynyň dizaýnyny işläp düzmek boýunça bäsleşige badalga berdi.