HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda oglanlaryň we gyzlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty başlanýar

Fewral 19, 2023 | 01:07 |6834
20-nji fewralda Aşgabatda 18 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty başlanýar.20-nji fewralda Aşgabatda 18 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty başlanýar.
Çeşme: orient.tm

20-nji fewralda Aşgabatda 18 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty başlanýar.

Ýaryş Türkmenistanyň Döwlet bedenterbiýe we sport komiteti tarapyndan ýurduň Küşt federasiýasy bilen bilelikde gurnaldy.

Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebi paýtagtdan we bäş welaýatdan üç ýüzden gowrak küştçini bir ýere ýygnar.

Küşt “söweşleri” Halkara küşt federasiýasynyň düzgünlerine laýyklykda, şweýsariýa ulgamy boýunça dokuz tapgyrda geçiriler.

Ýaryş 24-nji fewrala çenli dowam eder. Iň oňat netijeleri görkezen küştçilere medallar we ýaryşy gurnaýjylardan ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

16:00 Oktýabr 17, 2026
Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

15:00 Oktýabr 17, 2026