Türkmenistanda sambo boýunça milli birinjiligiň netijeleri jemlendi


Türkmenabat şäherinde sambo we söweş sambosy boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy, oňa Aşgabatdan, Ahal, Mary, Balkan we Lebap welaýatlaryndan 187 türgen gatnaşdy. Göreşijiler 7 sany agyrlyk derejelerinde çykyş etdiler. Ýeňijileriň atlary şu gün «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde çap edildi.
Sambo boýunça umumy topar hasabynda Lebap welaýatynyň göreşijileri birinji ýeri eýelediler, aşgabatly pälwanlar ikinji boldular, üçünji ýere bolsa – Mary welaýaty mynasyp boldy.
Paýtagtyň göreşijileriniň arasynda sambo boýunça iň gowy çykyş edenler: Nyýazmyrat Bäbekow (64 kg agram derejesinde), Abdukerim Garaýew (71 kg), Parahat Bäşimow (88 kg). Lebap welaýatyndan – Arslan Ysmaýylow (58 kg), Bahram Bahramow (79 kg), Guwanç Begliýew (98 kg) we Döwlet Ysmaýylow (99+ kg).
Zenanlaryň arasynda baýrakly orunlary Lebap welaýatynynyň türgenleri eýelediler: Aziza Nazarowa (50 kg), Dinara Ibadullaýewa (54 kg), Madina Aýdogdyýewa (50 kg), Dinara Hallyýewa (72 kg), Jahan Muhammedowa (80 kg), Maksuda Egemberdiýewa (80+kg) we Aşgabadyň wekili – Wioletta Krowýakowa (65 kg).
Söweş sambosy boýunça umumy topar hasabynda aşgabatly pälwanlar iň gowularyň hatarynda boldular, lebaplylar ikinji ýeri eýelediler, Ahal welaýatynyň topary – üçünji orny eýeledi.
Söweş sambosy boýunça ýurduň çempiony boldular: paýtagtyň toparynyň wekilleri – Ahmet Taňryberdiýew (58 kg), Ysamýyl Ataýew (64 kg), Muhammet Gurbandurdyýew (71 kg), Myratdurdy Allanurow (79 kg), Muhammetgurban Mämmedow (88 kg), şeýle hem Lebap welaýatyndan Daýanç Taganow (98 kg) we Babajan Ibadullaýew (99+kg).
Ýeňijilere Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hormat hatlary, şeýle hem Sambo boýunça milli federasiýanyň medallary gowşuryldy.
ORIENT habarlar








