

Özbegistan Eýranyň ŞHG-a agzalyga kabul edilmek üçin borçlary hakynda Ähtnama gol çekdi
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Eýranyň ŞHG-a agza döwlet statusyny almak üçin borçlary hakynda 2023-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda kabul edilen Ähtnama gol çekdi. Bu barada RIA Nowosti agentligi Milli kanunçylyk bazasynyň internet saýtynda ýerleşdirilen resminama salgylanyp, habar berýär.



















