Türkmenistan BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň aýallar, parahatçylyk we howpsuzlyk baradaky çekişmesine gatnaşdy


Türkmenistanyň wekiliýeti BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň «Aýallar, parahatçylyk we howpsuzlyk: BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň 1325-nji karary kabul edilmeginiň 25 ýyllygyna bagyşlanan» atly açyk çekişmä gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-daky hemişelik wekilhanasynyň resmi saýty habar berýär.
Açyk çekişme şu aýda BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň başlyklyk edýän Mozambikiň başlangyjy bilen gurnaldy. Oňa BMG-a agza ýurtlaryň 80-den gowrak wekiliýeti gatnaşdy.
Çekişmelerde çykyş eden Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa «Aýallar, Parahatçylyk we Howpsuzlyk» atly global gün tertibiniň çäginde Merkezi Aziýanyň Zenanlar Dialogynyň işiniň ähmiýetine ünsi çekdi. Ol BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýa merkeziniň goldawy bilen 2020-nji ýylyň dekabrynda döredildi. Geçen ýylyň noýabr aýynda Dialogyň wekiliýeti BMG-nyň Parahatçylyk dörediji toparynyň ýörite mejlisine we beýleki çärelere gatnaşdy.
Gatnaşanlar, «Aýallar, Parahatçylyk we Howpsuzlyk» atly global gün tertibini mundan beýläk-de öňe sürmegiň, BMG-nyň ýöriteleşdirilen gurluşlarynyň arasynda bu ugurdaky utgaşdyrylyşy güýçlendirmegiň zerurlygyna ünsi çekip, BMG-nyň Baş kätibi tarapyndan başlanan «Parahatçylyk üçin täze gün tertibi» döretmekde aýallary çekmegiň maksadalaýykdygyny görkezdiler. Taraplar, şeýle hem BMG platformasynda «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» dostlar topary ýaly birleşikleriň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň möhümdigini aýtdylar.
ORIENT news








