Türkmenistanda ýokary tehnologiýalar boýunça halkara bäsdeşlik yglan edildi


Innowatorlar 35 ýaşdan uly bolmadyklary «Ýokary tehnologiýalar we innowasiýa işläp taýýarlamalar» atly halkara bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar.
Bäsleşik Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan gurnaldy. Oňa talyplar, aspirantlar, interna-lukmanlar we kliniki ordinatorlar, ylym bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşyp bilerler.
Bäsleşik nanotehnologiýa, himiýa we biotehnologiýa, energetika, ekologiýa, oba hojalyk, molekulýar biologiýa, genetika we täze materiallary öwrenmek ýaly ugurlary öz içine alýar.
Bäsleşik iki tapgyrda geçiriler. Birinji tapgyrda gözleg işleri ygtyýarly eminler tarapyndan gözden geçiriler, ikinji tapgyrda gatnaşyjylar işleriniň mazmunyny beýan ederler.
Işler nazaryýet gözlegleriň çuňlugy, ylmy we amaly ähmiýeti, synag wagtynda alnan netijeler, awtorlyk işiniň göwrümine görä bahalandyrylar.
Ýüz tutmalar 1-nji maýa çenli scientificwork.tm@gmail.com elektron salgysyna iberilmelidir. Ýeňijileriň atlary şu ýylyň oktýabr aýynda yglan ediler.
Bäsleşigiň şertleri barada has giňişleýin maglumaty elektron salgysyndan tapyp bilersiňiz.
ORIENT news








