Habarlar

BMG-niň Ilat gaznasynyň bilermenleriniňwekiliýeti Türkmenistanda ilat ýazuwynyň geçirilişine baha berdiBMG-niň Ilat gaznasynyň bilermenleriniňwekiliýeti Türkmenistanda ilat ýazuwynyň geçirilişine baha berdi

BMG-niň Ilat gaznasynyň bilermenleriniňwekiliýeti Türkmenistanda ilat ýazuwynyň geçirilişine baha berdi

BMG-niň Ilat gaznasynyň ýokary derejedäki bilermenler wekiliýeti Türkmenistanyň 2022-nji ýyldaky ilatyň we ýaşaýyş gorunyň uçdantutma ýazuwyna taýýarlygyna we onuň geçirilişine oňyn baha berdi – diýip, “Neýtralnyý Turkmenistan” gazeti bilermenleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin brifinginiň jemleri boýunça ýazýar.

Italiýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi: sebitdäki durnuklylyk we Ýewropa üçin gaz baradaItaliýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi: sebitdäki durnuklylyk we Ýewropa üçin gaz barada

Italiýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi: sebitdäki durnuklylyk we Ýewropa üçin gaz barada

“Türkmenistan adatdan daşary uly geljegi bolan, syýasy taýdan goldawa eýe bolmagy bilen tebigy serişdelere baý ýurtdyr, bu bolsa ony sebitde durnuklylygyň möhüm ýagdaýyna öwürýär” diýip, **[Italiýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi](https://orient.tm/ru/post/42532/italiya-naznachila-novogo-posla-v-ashhabade)** Luidji Ferrari ilçileriň Farnezinada (ýerleşen ýeri boýunça – Farnezina köşgünde Italiýanyň daşary syýasat edarasy şeýle atlandyrylýar) geçirilen maslahatyň çäklerinde aýtdy.

Ýaponiýanyň awtoulaglary türkmen taksileriniň sanyny artdyrarÝaponiýanyň awtoulaglary türkmen taksileriniň sanyny artdyrar

Ýaponiýanyň awtoulaglary türkmen taksileriniň sanyny artdyrar

Ýaponiýanyň Sumitomo korporasiýasy düzüminde taksileriň 780-si we awtobuslaryň 1330-sy bolan Toyota awtoulaglarynyň 2110-syny Türkmenistana iberýär. Bu baradaky maglumatlary Korporasiýa “Türkmenawtoulaglary” agentligi bilen baglaşylan şertnamanyň jikme-jikliklerini öz resmi saýtynda açyp görkezdi. Şeýle hem onda taksileriň degişli ýaşyl nyşanlary bolan ak reňkli Corolla ulaglarynyň hem-de Hiace we Coaster awtobuslarynyň (olar hem radiatorynyň gözenekleri bilen birlikde ak reňkde) fotosuratlary ýerleşdirilipdir.

Türkmenistanda mikroelementler baradaky maglumatlar zenanlaryň we çagalaryň arasynda ganazlygyň ýaýramagynyň öňüni almaga kömek ederTürkmenistanda mikroelementler baradaky maglumatlar zenanlaryň we çagalaryň arasynda ganazlygyň ýaýramagynyň öňüni almaga kömek eder

Türkmenistanda mikroelementler baradaky maglumatlar zenanlaryň we çagalaryň arasynda ganazlygyň ýaýramagynyň öňüni almaga kömek eder

Penşenbe güni Aşgabatda zenanlaryň we çagalaryň arasynda mikroelementler boýunça milli barlaglar üçin maglumatlary ýygnamak ugrundaky taslama badalga berildi. Maksatnamany ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi öňe sürdi we ol 2023-nji ýylyň 15-nji ýanwaryna çenli dowam eder.