HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen mekdep okuwçylary Singapuryň halkara olimpiadasynda 41 medal gazandy

Mart 06, 2023 | 21:15 |11940
Türkmen mekdep okuwçylary, Singapurda geçirilen tebigy bilim, tehnologiýa, inženerçilik we matematika boýunça Halkara bilim olimpiadasynda (SteamCO) dürli gymmatlykdaky 41 medallara eýe boldular.Türkmen mekdep okuwçylary, Singapurda geçirilen tebigy bilim, tehnologiýa, inženerçilik we matematika boýunça Halkara bilim olimpiadasynda (SteamCO) dürli gymmatlykdaky 41 medallara eýe boldular.
Çeşme: fenix.help

Türkmen mekdep okuwçylary, Singapurda geçirilen tebigy bilim, tehnologiýa, inženerçilik we matematika boýunça Halkara bilim olimpiadasynda (SteamCO) dürli gymmatlykdaky 41 medallara eýe boldular.

StemCo Olimpiadasy, dünýädäki mekdep okuwçylary deň-duşlary bilen bäsleşip we gözýetimini giňeldip, bilimlerini yzygiderli ýokarlandyryp biljek, özboluşly halkara platformasydyr. Bu ýyl dünýäniň 39 ýurdundan 4000 töweregi mekdep okuwçysy intellektual onlaýn bäsleşigine gatnaşdy.

Abraýly Singapur bäsleşiginde Aşgabadyň 86-njy we 97-nji ýöriteleşdirilen mekdepleriniň okuwçylary Türkmenistana wekilçilik etdiler. Çagalaryň käbiriniň olimpiada dürli dersler, ýagny himiýa, biologiýa, fizika we matematika dersleri boýunça gatnaşyp, birbada birnäçe medal alandygyny bellemek ýakymly.

3 türkmen okuwçysy altyn medallaryň eýesi bolup, 10 çaga kümüş, 13-si bürünç medallary gazandylar. Mundan başga-da, mekdep okuwçylaryndan biri Olimpiadanyň höweslendiriji baýragynyň eýesi boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

13:00 Oktýabr 17, 2026
Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

19:00 Oktýabr 16, 2026