ŞOS-a agza-ýurtlaryň zenanlary özara bähbitli hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar


Daşkentde «Zenanlar ŞOS-yň giňişliginde: özara bähbitli hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi – diýip, ŞOS-yň Özbegistandaky Halk diplomatiýasy merkezine salgylanyp, Sinhua agentligi habar berýär.
Çäräniň maksady – Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde zenanlaryň eýeleýän ornuny güýçlendirmek meselesini maslahatlaşmak, tejribe alyşmak we olary jemgyýetdäki jemgyýetçilik-syýasy, durmuşy-ykdysady özgertmelere gatnaşmaga höweslendirmekdir.
Gatnaşyjylar bu ugurda gazanylan netijeleri maslahatlaşdylar, zenanlaryň döwletiň jemgyýetçilik-syýasy, durmuşy-ykdysady durmuşyna gatnaşmakdaky daşary ýurt tejribesini seljerdiler.
Olar aýallaryň sosial taýdan goraglylygynyň ulgamynyň işlemeginiň döwlet syýasatynyň we kanunçylk esaslarynyň kämilleşdirilmegi boýunça tagallalaryň utgaşdyrylmagy üçin çykyş etdiler, ŞOS-a agza-ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesiniň we innowasion çemeleşmeleriniň giňden ulanylmagynyň bu ugurda möhüm esas boljakdygyny bellediler.
Zenanlaryň deňhukuklylygy, olaryň syýasy we durmuşy-ykdysady meseleleri çözmekde gatnaşmagy ŞOS-a gatnaşýan ýurtlaryň hökümetleri tarapyndan ykdysady ösüşiň, demokratiýalaşdyrmagyň we jemgyýetiň durnuklylygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde seredilýär.
Maslahatyň netijeleri boýunça degişli maslahatlar we teklipler işlenip düzüldi, olar zenanlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak boýunça täze taslamalary we maksatnamalary taýýarlamak, zenanlaryň liderligini we zenan telekeçiligini öňe sürmek we ŞOS-yň giňişliginde durnukly dialog üçin esas bolar.
Çäre ŞOS guramasyna agza-döwletleriň uzakmöhletleýin hoşniýetli goňşyçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk Şertnamasynyň düzgünlerini ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurnaldy. Oňa Özbegistanyň Senatynyň wekilleri we parlamentiniň kanun çykaryjy palatasynyň wekilleri, ŞOS-a gatnaşýan ýurtlaryň zenanlar guramasynyň baştutanlary, işewürligiň, medeniýet ugrunyň, ylmyň we bilimiň wekilleri gatnaşdylar.








