HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Bägülleriň türkmen şa zenany Güljahandan bir million bägüller we owadan egin-eşikler

Mart 07, 2023 | 17:43 |72772
Elbetde, ol eýýäm bir million bägül ösdürip ýetişdirdi, belki-de bir milliondan hem köpräkdir. Üstesine-de onuň iň gowy görýäni iň owadan we iň uzyn Gollandiýaly bägüllerdir we elbetde bu görnüşe gül bazarynda köp isleg bildirilýär. Güljahan Ýagmyrowa – ýerli gül satyjylary oňa bägülleriň şa zenany diýip at berdiler.Elbetde, ol eýýäm bir million bägül ösdürip ýetişdirdi, belki-de bir milliondan hem köpräkdir. Üstesine-de onuň iň gowy görýäni iň owadan we iň uzyn Gollandiýaly bägüllerdir we elbetde bu görnüşe gül bazarynda köp isleg bildirilýär. Güljahan Ýagmyrowa – ýerli gül satyjylary oňa bägülleriň şa zenany diýip at berdiler.
Çeşme: из архива Гульджахан Ягмуровой

Elbetde, ol eýýäm bir million bägül ösdürip ýetişdirdi, belki-de bir milliondan hem köpräkdir. Üstesine-de onuň iň gowy görýäni iň owadan we iň uzyn Gollandiýaly bägüllerdir we elbetde bu görnüşe gül bazarynda köp isleg bildirilýär. Güljahan Ýagmyrowa – ýerli gül satyjylary oňa bägülleriň şa zenany diýip at berdiler. Belki, ýer ýüzi onuň takdyryna dünýä ineninde eýýäm gül bilen meşgullanmagyny «ýazandyr», sebäbi onuň ady hem türkmençeden terjime edilende «gül dünýäsi» diýmegi aňladýar.

1.jpg

Şeýle dünýäni, has dogrusy işi onuň özi döretdi. Ähli zat bolsa 10 ýyl mundan ozal dünýäniň seleksiýa döwleti hasaplanýan Gollandiýa syýahaty bilen başlanypdy. Ol şol ýerde näme we nädip edilýändigini öwrenip, Türkmenistana dolanyp gelip, häzirki zaman Ýewropa tehnologiýalaryny ulanyp, ýyladyşhanalar gurdy. Islendik lezzetde we reňkde bägülleriň 15 görnüşini saýlady we olary ýörite toparlarda ösdürip başlady.

Häzirki wagtda ol ýurtdaky ajaýyp «önümiň» iň uly lomaý satyjylaryndan biri, gül plantasiýalarynyň eýesi, şeýle hem Aşgabatda adybir «Güljahan» ady bilen diňe çemenleri satman, eýsem türkmen flora giňişliginde öz duruşyny we lezzetini goýan moda gül butikleri torunyň eýesi.

4 к абзацу бестселлер продаж.jpg

8-nji martyň öňüsyrasynda gül kompaniýalarynyň işi köp. Güljahan Ýagmyrowanyň ORIENT-e gürrüň bermegine görä, bu baýramçylygyň öz däp-dessurlary, alyjylaryň bolsa halaýan gülleri bar. Mysal üçin, iň köp satylan gül, elbetde, bägül – şu günler olaryň 10 müňden gowragy satylýar. Türkmen gyzlaryna we aýallaryna sowgat edilýän başga bir meşhur gül bolsa, Gollandiýanyň nyşanlaryndan biri – ajaýyp çigildem - 5 müňden gowragy satylýar.

5 к тюльпанам.jpg

— Gül kompozisiýalarynyň döredilmegini arkaýyn sungat diýip atlandyryp bolar. Biziň gülçüler toparymyz öz işinde döredijilikli çemeleşýärler, ýagny ajaýyp surat ussatlarynyň eserlerine meňzeýän awtor çemenlerini ýygnaýarlar. Biziň üçin bu diňe satuw önümi däl. Hakykatda her bir kompozisiýa adamyň gyzykly we tolgundyryjy hekaýasy ýaly hemişe özboluşly, aýratyn we özüne mahsus häsiýet we güýje eýe – diýip, Güljahan gürrüň berýär.

Umuman aýdanyňda, gülçilik işi, gülleriň özleri, şeýle-hem köplenç olaryň sowgat berilýän adamzadyň böleginiň owadanlygy ýaly gaty ynjykdyr. Belki-de, şonuň üçin gülçilik işi edil bägül ýaly, diňe bir owadan bolman, eýsem iş dünýäsinde aýakda galmak üçin tikenleri hem bolmaly hakyky zenana tabyn bolýar.

3.jpg

Emma, Güljahanyň häsiýeti gülleriň arasynda «berkişmedi». Ol Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlandan soň, birnäçe ýyl mekdep mugallymy bolup işledi. Soňra Dünýä dilleri institutynda mugallymçylyk etdi, aspiranturany tapawutlanan diplom bilen tamamlady we şondan soň işewür aýal boldy.

Hekaýasyndaky iň möhüm zat, baş harp bilen ýazylan aýal bolup galmak bilen, hemişe söýýän işini etdi. Onuň döreden işewürliginden başga-da, maşgalasy – adamsy, çagalary, agtyklary bar. Ol olar üçin ilki bilen aladaly eje, hoşniýetli ene, ýogsa-da uly gazanda lezzetli palaw bişirip bilýän ajaýyp öý bikesi.

PSX_20230307_174811.jpg

Golaýda Güljahan özüni başga bir ugurda synap görmek kararyna geldi we türkmen jemgyýetiniň ajaýyp böleginiň wekillerini owadan eşikler bilen geýindirmek üçin moda zenan eşikleri dükanyny açdy.

Diýjek bolýanym, men Güljahan bilen gürleşip otyrkam, ol gülleriň ajaýyp kompozisiýasyny düzýärdi, soraglaryma jogap berýärdi, guramaçylyk we iş meselelerini çözýärdi, hatda agtygy bilen telefonda gürleşip, ony nä derejede söýýändigini aýdyp hem ýetişdi.

6.jpg

Bir söz bilen aýdylanda, onuň durmuşynyň akymy şeýle bir çalt welin, hemmeler ony çekip bilmez. Şeýle aýallar hakda – «gany gaýnaýar» diýýärler we iň esasysy bu güýjüň dogry döredijilik ugruna gönükdirilendigini aýdýarlar. Bu bolsa, gülleriň türkmen şa zenanynyň belki-de eýýäm aklynda «gaýnap duran» täze taslamany durmuşa geçirip biljekdigini aňladýar.

Gulya Geldyyeva

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026