HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Zenanlaryň işde üstünlik gazanmagynyň ýoly: aýdymçynyň, suratkeşiň we futbolçynyň gözleri bilen

Mart 09, 2023 | 00:26 |14724
Halkara zenanlar güni 20-nji asyryň başynda, aýallar öz hukuklary we deňligi ugrunda göreşenlerinde ýüze çykdy. Häzirki wagtda bu baýramçylyk aýal-gyzlara bolan söýgi, maşgala we minnetdarlyk beýan etmek gününe öwrüldi. Olaryň keşbi wagtyň geçmegi bilen has garaşsyzlyga, özbaşdaklyga, syýasy we ykdysady işlere gatnaşmaga tarap üýtgedi.Halkara zenanlar güni 20-nji asyryň başynda, aýallar öz hukuklary we deňligi ugrunda göreşenlerinde ýüze çykdy. Häzirki wagtda bu baýramçylyk aýal-gyzlara bolan söýgi, maşgala we minnetdarlyk beýan etmek gününe öwrüldi. Olaryň keşbi wagtyň geçmegi bilen has garaşsyzlyga, özbaşdaklyga, syýasy we ykdysady işlere gatnaşmaga tarap üýtgedi.
Çeşme: orient.tm

Halkara zenanlar güni 20-nji asyryň başynda, aýallar öz hukuklary we deňligi ugrunda göreşenlerinde ýüze çykdy. Häzirki wagtda bu baýramçylyk aýal-gyzlara bolan söýgi, maşgala we minnetdarlyk beýan etmek gününe öwrüldi. Olaryň keşbi wagtyň geçmegi bilen has garaşsyzlyga, özbaşdaklyga, syýasy we ykdysady işlere gatnaşmaga tarap üýtgedi.

Döwrebap zenan islendik ugurda diýen ýaly işinde üstünlikli bolup biler. Muňa garamazdan, aýalyň käbir häsiýetleri üýtgewsiz galýar. Ol hemişekisi ýaly aladanyň, näzikligiň we söýginiň nusgasy bolup galýar.

Biz ORIENT-iň neşirleriniň üç gahrymanyndan – türkmen aýdym-saz sahnasynyň ýyldyzy, tanymal sungat işgäri we möhüm netijeleri gazanan türgenden üstünlik ýoly diýlende nämä düşünýändiklerini soradyk.

Bahar Durdyýewanyň ady Türkmenistanyň aýdym-saz söýüjilerine mälim. Ol ýaş wagtynda professional wokal bilen meşgullanyp başlap, bu ugurda ep-esli belentliklere ýetdi we çykyşlary bilen muşdaklary begendirmegini dowam etdirýär.

1 Бахар.jpg

― Gözellik dünýäni halas eder diýýärler. Men «gözellik» sözüni eşidenimde bir aýal görýärin. Sebäbi hemme zat onuň egninde: öýdäki rahatlyk, gatnaşyklardaky ýylylyk, jemgyýetdäki sazlaşyk. Durmuşy owadan etmek aýallaryň wezipesidir – diýip, Bahar Durdyýewa öz pikirleri bilen paýlaşýar. – Bize bagtly bolmak üçin gaty az zat gerek, ýagny halaýan işimiz we ýakynlarymyzyň saglygy. Şeýle hem islegleriň hasyl bolmagy. Olaryň esasy ýerine ýetirijisi bolsa erkek bolmaly.

Durmuşdaky kynçylyklary nädip ýeňip geçmelidigi soralanda aýdymçy, öz pikirine görä, ýeňip bolmajak päsgelçilikleriň ýokdugyny we öziniň hemme zatda ýiti burçlary düzetmäge synanyşýandygyny aýtdy. Bahar aýdym-saza bolan söýgüsini we döredijilige teşneligini, üstünlik ýolundaky esasy kömekçileri diýip atlandyrdy.

Türkmenistanyň Suratkeşler bileleşiginiň agzasy Täjigül Gurbanowa hem päsgelçilikleriň diňe içerki garaýyşdygyna we aslynda çylşyrymly meseläni çözmegiň köp usulynyň bardygyna ynanýar. Ýöne muňa kararlylyk goşmaly we üýtgeşik ädim ätmäge «ýürek edip bilmeli».

2 Таджигуль.jpeg

― Bu ýollamany durmuşa bolan garaýşymy görkezýän eserlerime goýmaga synanyşýaryn. Men reňkleri, şekilleri we dokumalary diňe bir täsirlerimi we duýgularymy ýetirmek üçin däl, eýsem tomaşaçylary höweslendirmek, ylham bermek, gözelligiň we mümkinçilikleriň daş-töweregimizdäki hemme zatdadygy baradaky pikiri ylhamlandyrmak üçin ulanýaryn. Bu pikir gül gunçasyna meňzeýär. Eger ony duýsaňyz, gül ýapraklaryny açyp başlaýar - diýip, suretkeş belleýär.

Mariýa Çaryýewa – Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndy toparynyň kapitany. Onuň üçin tutanýerlilik we erjellik, tertip-düzgün we işe ukyplylyk üstünligiň aýrylmaz bölegidir.

3 Мария.jpeg

― Meniň pikirimçe, bu häsiýetler diňe bir türgenler üçin peýdaly däl. Sebäbi iň gowy netijeleri gazanmak üçin iň bolmanda şahsy «synagda» işlemelidir. Ony şeýle hem halkara derejede gazanjak bolsaň öz üstünde iki esse işlemeli. Meniň pikirimçe, 8-nji mart diňe bir zenanlaryň gutlaglary we sowgatlary kabul edýän güni däl, eýsem gorkudan biz entägem nämäni başlap bilmeýändigimiz, gorkyny taşlap, täze maksada tarap gitmelidigimiz hakda oýlanmagyň ýene bir sebäbi - diýip, Mariýa aýtdy.

Sowal-jogap geçirenlerimiziň üçüsi hem hünär we şahsyýet taýdan tapawutly bolsa-da, olara üstünlik gazandyrýan umumy häsiýetleri bardyr. Olar zehinli we işine höwesli. Olar gazananlary bilen ýetinmän, has köp yhlas etmäge çalyşýarlar. Olar näme isleýändiklerini bilýärler we maksada ýyldyrym çaltlygynda towusmagyň mümkin däldigine, ýöne oňa barýan ýol hemişe tejribe we täze gözýetimleri açmaga synanyşmak arkaly bolýandygyna düşünýärler. Netijede, bularyň hemmesi toparlaýyn zähmet çekmegiň we kollektiwizmiň mysallarydyr. Olar üstünlikleriniň köp adamyň tagallalary bilen bolýandygyna düşünýärler we beýleki kärdeşlerine we kärdeşleri bolmadyklara has köp zatlary gazanmaga kömek etmäge hemişe taýýardyrlar.

Artur PETROSÝANS

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026