Howanyň üýtgemegine garşy göreşiň başynda zenanlar


Sişenbe güni, 7-nji martda daşky gurşawyň durnuklylygynyň tarapdarlary ajaýyp zenanlardan düzülen wekilleri, ýagny ýaş daşky gurşaw aktiwistleri, talyplar we Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň agzalary BMG-nyň Aşgabat şäherindäki binasyna ýygnandylar.

Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda, howanyň üýtgemegine garşy göreşde aýal-gyzlaryň möhüm ornuny görkezmek üçin BMGÖM Türkmenistandaky wekilhanasy açyk dialog gurady.
– Howanyň üýtgemegine garşy göreşde, sagdyn planeta üçin durnukly ösüş modellerini we çözgütleri durmuşa geçirmekde zenanlaryň liderligi üstünlikli hereket etmegiň açarydyr – diýip, BMGÖM-iň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň orunbasary Tomisa Paowiç aýtdy.

Dialog howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we ýaşyl ösüşe ýetmek, ýaşlaryň gender deňliginiň we howanyň üýtgemeginiň nähili kesişýändigi baradaky düşünjesini ýokarlandyrmak üçin innowasion pikirleri we iň oňat tejribeleri ara alyp maslahatlaşmaga we paýlaşmaga mümkinçilik döretdi.
– Ýylsaýyn howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly barha artýan töwekgelçiliklere garşy göreşde gender deňligiň möhüm düzüm bolup durýandygyny görkezýän subutnamalar barha köpelýär – diýip, Howanyň üýtgemegi we betbagtçylyklara garşy göreş boýunça sebit toparynyň başlygy, BMGÖM-iň Stambuldaky sebit merkeziniň betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça geňeşçi Stanislaw Kim belledi.

Onuň aýtmagyna görä, aýallar we gyzlar howanyň üýtgemegini gowşatmak we uýgunlaşdyrmak üçin çäreleri jemläp, üýtgeşmeleriň ýolbaşçylary we wekilleri bolup durýar.
Dialogyň dowamynda howanyň üýtgemegi boýunça global herekete goşant goşýan zenan telekeçileriň şahsy tejribeleri görkezildi we «Zenan liderler durnukly ösüş pudagynda» kategoriýasynda ýeňijiler yglan edildi.

Olar: DÖM-yň ýaş ilçisi, BMGÖM sebitleýin ýaşlar ulgamynyň wekili Leýli Ýagşyýewa - «Howanyň üýtgemegine garşy göreşde ýaşlaryň işjeňligi» kategoriýasynda; Sabina Narkuliýewa, Lebap welaýatynyň Dänew etrap häkimliginiň işgäri - «Howanyň üýtgemegine garşy göreşde zenanlaryň liderligi»; Gülnara Taýjanowa, eko-aktiwist, onlaýn eko bazary esaslandyryjy - «Daşky gurşawyň durnuklylygy ýörelgelerini wagyz etmek»; Altyn Andalyýewa, eko-aktiwist, telekeçi - «Oba zenanlary durnukly ösüş üçin».
– Geljegimiz şu günki hereketlerimize bagly. Geljegimizi gurmakda biziň hemmämiziň ornumyz bar, dünýämizi weýrançylykdan we hapalanmakdan goramak üçin hemmämiz edil häzir hereket etmelidiris – diýip, BMGÖM-yň baýragynyň eýesi Leýli Ýagşyýewa aýtdy. - Howanyň üýtgemegine garşy göreşde öňdäki hatarda durmagy dowam etdirmek üçin elimden gelenini ederin.

Bu çäre, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçirilýän BMGÖM taslamalarynyň çäginde gurnaldy. Bular Aşgabadyň we Awazanyň ýaşyl ösüşi we Aral deňziniň basseýniniň resurslaryny we ekoulgamlaryny durnukly dolandyrmak boýunça taslamalar.
ORIENT news








