Habarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Wenanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildiTürkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Wenanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Wenanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Aşgabatda, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Wena şäher geňeşi we Wena welaýat mejlisiniň agzasy, Wena şäher häkimliginiň wekili Omar Al-Rawiniň ýolbaşçylygyndaky Wena şäher häkimliginiň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu topara, şeýle hem, gepleşiklere gatnaşan Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň başlygy Neda Berger hem girýär diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Türkmen hünärmenleri Bakuwda geçirilen «Haly - türki dünýäsiniň nyşany» konferensiýasyna gatnaşýarlarTürkmen hünärmenleri Bakuwda geçirilen «Haly - türki dünýäsiniň nyşany» konferensiýasyna gatnaşýarlar

Türkmen hünärmenleri Bakuwda geçirilen «Haly - türki dünýäsiniň nyşany» konferensiýasyna gatnaşýarlar

Şu günler Bakuwda Azerbaýjandan, Türkiýeden, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Türkmenistandan we Gagauziýadan (Moldowa) 30-dan gowrak hünärmen «Haly - türki dünýäsiniň nyşany» atly halkara konferensiýa gatnaşmak üçin ýygnandy. Forum 11-nji oktýabrda Azerbaýjanyň milli haly muzeýinde Türki dünýäsiniň muzeýleriniň II duşuşygynyň çäginde başlandy diýip, AZERTAJ habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň lukmançylyk edaralaryna 60-dan gowrak Toyota Camry awtoulagyny sowgat etdiTürkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň lukmançylyk edaralaryna 60-dan gowrak Toyota Camry awtoulagyny sowgat etdi

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň lukmançylyk edaralaryna 60-dan gowrak Toyota Camry awtoulagyny sowgat etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ýurdumyzyň lukmançylyk edaralaryna 60-dan gowrak Toyota Camry awtoulagy gowşuryldy. Gowşurylyş, 10-njy oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynyň sergi merkezinde açylan «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisiniň çäginde geçirildi.

Türkmenistan Owganystandaky ýertitremede ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini ugratdyTürkmenistan Owganystandaky ýertitremede ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini ugratdy

Türkmenistan Owganystandaky ýertitremede ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini ugratdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Owganystana ynsanperwer kömegini ibermek hakynda Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Oba hojalyk ministrligine, Dokma ministrligine, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine owgan tarapyna ynsanperwer kömek hökmünde muzdsuz esasda derman we lukmançylyk serişdelerini, azyk we dokma önümlerini gowşurmak bellendi.