Linkoln uniwersitetiniň wise-prezidenti türkmen uniwersitetiniň talyplaryna leksiýa berdi


Pedagogika ylymlarynyň doktory, Linkoln uniwersitetiniň wise-prezidenti Maýk Guerra Halkara ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplaryna leksiýa berdi.
«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy konferensiýanyň çäginde Türkmenistana gelen amerikan hünärmeni paýtagtdaky uniwersitetiň talyplary üçin "Linkoln uniwersitetinde iş dolandyryşy: bakalawr we magistrature programmalary" temasy boýunça leksiýa berdi
Maýk Guerra öz çykyşynda Linkoln uniwersiteti we onuň esasy işleri barada jikme-jik maglumatlary berdi. Linkoln uniwersitetinde hödürlenýän akademiki ylymlar beýan edildi. Uniwersitetiň programmalary täze ýolbaşçylary we dolandyryjylary taýýarlaýar. Bular diňe bazar üýtgeşmelere uýgunlaşman, edaralary ösdürmegiň strategiýasyny hem döretmek üçin olary öňünden kesgitleýän hünärmenlerdir.

Bakalawr we magistr talyplarynyň bu programmada aljak bilimleri we başarnyklary ähliumumydyr; biznes üçin standart däl çözgütleri tapmagy öwrenýärler we halkara gurşawyna we tejribesine salgylanyp, kompaniýanyň meselelerini dünýä derejesinde göz öňünde tutup bilerler. Leksiýanyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar minnetdarlyk bildirdiler, sebäbi talyplar bilen geçirilýän şular ýaly çäreler olaryň bilim bazasyny baýlaşdyrmagyna ýardam edýär.
Belli bolşy ýaly, Linkoln uniwersiteti Oklend şäherindäki (Kaliforniýa, ABŞ) hususy uniwersitetdir. Onda iş-dolandyryş programmalaryna bakalawr we magistratura, şeýle hem iňlis dili, şahadatnama almak we bakalawr programmalary boýunça 500-den gowrak talyp okaýar.
ORIENT news








