Türkmenistanyň ýaşlary Aşgabatda geçiriljek konferensiýada howanyň üýtgemegi meselesini ara alyp maslahatlaşarlar


Aşgabatda, 3-nji noýabrda Türkmenistanyň ýaşlarynyňň howanyň üýtgemegi (LCOY) 2023 boýunça milli konferensiýasy geçiriler. Bu konferensiýa ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan ýaşlary global ýylylyga garşy göreşde bilim, pikir we tejribe alyşmak üçin birleşdirer.
Konferensiýa Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy, BMG-nyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldawynda geçirilýär. Şeýle hem, konferensiýa Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň (UNFCCC) resmi ýaşlar topary YOUNGO tarapyndan hem goldanylýar.
«LCOY Turkmenistan 2023»-yň maksady – milli we dünýä derejesinde howanyň meselelerini çözmekde ýaşlaryň tutýan ornuny we jogapkärçiligini görkezmek, Türkmenistanyň ýaşlaryny howanyň başlangyçlaryna işjeň gatnaşmaga ruhlandyrmakdan we ýakyn wagtda noýabr aýynda Glazgoda (Angliýa) geçiriljek UNFCCC (COP26)-a Taraplar konferensiýasyna taýýarlamakdan ybaratdyr.
Maslahatda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly energetika, ulag, oba hojalygy, saglygy goraýyş, bilim we ş.m. dürli sessiýalar, paneller, çekişmeler we ussatlyk sapaklary bolar. Şeýle hem konferensiýada Merkezi Aziýanyň ýaş ilçileriniň we ýaş howa işjeňleriniň iň oňat tejribeleri we taslamalary hödürlener.
Maslahat Aşgabatda “Archabil” myhmanhanasynda geçirilip, 17-35 ýaş aralygyndaky ýaşlar üçin açykdyr.
ORIENT news








