GDA agza döwletleriň daşary işler ministrleri Bilelikdäki Beýannamanyň taslamasyna serederler


Şu gün – 12-nji oktýabrda Gyrgyz Respublikasynyň başlyklyk etmeginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirilýär.
Onuň gün tertibine Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň 20 meselesi girizildi. Daşary işler ministrleriniň sebit we halkara meseleleri, geljek ýyldan Russiýanyň Arkalaşygyň düzüminde başlyklyk edýändigini nazarda tutup, guramanyň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi boýunça özara pikir alşarlar.
Şeýle hem daşary işler ministrleri halkara gün tertibindäki möhüm ugurlar boýunça kabul ediljek Bilelikdäki Beýannamanyň taslamasyna gararlar. Ol 13-nji oktýabrda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň garamagyna berler. Mundan başga-da, 2024-nji ýylda daşary işler ministrlikleriniň arasynda özara geňeşmeleri geçirmegiň meýilnamasy tassyklanylar.
Hukuk goraýjy edaralaryň arasynda, medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy, şeýle hem Arkalaşygyň halkara gatnaşyklaryny giňeltmek meselelerine üns berilmegine garaşylýar. Arkalaşygyň çäginde şu ýylyň rus diliniň milletara düşünişmegiň dili hökmünde yglan edilmegi bilen bagly, bu diliň Arkalaşykda we dünýäde wagyz edilmegine degişli çözgütler kabul ediler.
ORIENT news








