HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Böwrek ýetmezçiliklerini bejermegiň täze usuly işlenip taýýarlanyldy

Oktýabr 12, 2023 | 15:18 |9544
Bellenişi ýaly, dogabitdi böwrek kemçilikli doglan adamlar 25 ýaşa çenli hem örän seýrek ýaşaýarlar. Şu wagta çenli şeýle dertdäki çagalary bejermek üçin bejeriş usuly ýokdy.Bellenişi ýaly, dogabitdi böwrek kemçilikli doglan adamlar 25 ýaşa çenli hem örän seýrek ýaşaýarlar. Şu wagta çenli şeýle dertdäki çagalary bejermek üçin bejeriş usuly ýokdy.
Çeşme: "BELTA" habarlar agentligi

Sankt-Peterburg şäherindäki Turner adyndaky merkezde dogabitdi böwrek näsazlykly doglan kiçi ýaşly çagalary bejermegiň täze usuly işlenip taýýarlanyldy. Ol Birleşen döwletleriň - Russiýanyň we Belarusyň alym lukmanlary tarapyndan hassalara hödürlenilýär. Ol çagalary böwrek kemçiliklerinden doly halas bolmaga arkaýyn ýaşamaga mümkinçilik döredýär diýip, "BELTA" habarlar agentligi mälim edýär.

Bellenişi ýaly, dogabitdi böwrek kemçilikli doglan adamlar 25 ýaşa çenli hem örän seýrek ýaşaýarlar. Şu wagta çenli şeýle dertdäki çagalary bejermek üçin bejeriş usuly ýokdy.

Täze "nou-hau" kompýuter programmasy arkaly böwregiň kemçilikli ýerine 3D usulda bölekleri taýýarlaýar we ol bölek hirurgiýa arkaly çagalaryň kemli ýerine oturdylýar.

Modelirlemek usuly her bir hassanyň böwreginiň kemli ýerini takyk kesgitlemäge, böwrek diwarlarynyň kemli ýerlerini bejermäge we netijede döş kapasasynyň görüşini kadalaşdyrmaga ýardam edýär.

Täsin gurluş titan garyndysyndan taýýarlanylyp, ol soňra näsazlyklary döretmeýär. Bu önümler Birleşen döwletlerde öndürilip, häzirki wagtda Russiýada we Belarusda peýdalanylýar. Turner adyndaky merkeziň alym lukmanlary täze usuly beýleki sebitlerdäki kärdeşlerine öwredip başladylar.

Turner adyndaky merkeziň direktory Sergeý Wissarionowyň bellemegine görä, bu merkez özüniň täze işläp taýýarlamalary bilen GDA ýurtlarynyň, şol sanda Gazagystanyň we Özbegistanyň ylmy-barlag merkezleriniň hünärmenleri bilen hyzmatdaşlyk edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026