

Aşgabatda koreý dilinde kalligrafiýa bäsleşigi geçirildi
Aşgabatda Koreýanyň elipbiýiniň döredilen - Hangyl gününe bagyşlanan koreý dili boýunça kalligrafiýa bäsleşigi geçirildi.


Aşgabatda Koreýanyň elipbiýiniň döredilen - Hangyl gününe bagyşlanan koreý dili boýunça kalligrafiýa bäsleşigi geçirildi.


Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Kanadanyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Alan Hemson (oturýan ýeri Astana şäheri) bilen duşuşdy we onuň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.


Türkmen telekeçisi Balkan Annamyradow Balkan we Ahal welaýatlarynda ösdürip ýetişdirýän käşirleriniň guradylan görnüşiniň önümçiligini ýola goýdy. Bu ýerlerde ösdürilip ýetişdirilen käşir Italiýanyň tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan önümhanada gaýtadan işlenilip sarp edijilere ýetirilýär.


Olar Türkmenistanyň raýatlaryny bakalawr we magistratura okuw maksatnamalaryna çekmäge gyzyklanma bildirýärler.


Türkmen wekiliýeti 9-njy oktýabrdan 13-nji oktýabr aralygynda Gruziýanyň Tbilisi şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa üçin terrorçylyga garşy irki duýduryş torunyň çäginde sebitleýin konferensiýa gatnaşýar.


Duşenbe güni, 9-njy oktýabrda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň gurluşyk pudagynda uzak wagtlap hyzmatdaşy bolan "Çalyk Holding" kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, türk telekeçisi Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Milli habarlar agentliginiň habaryna görä, gepleşiklere gatnaşyjylar türk hyzmatdaşlarynyň ýurtdaky alyp barýan işleriniň ýagdaýy we geljekde hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.


BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy.


Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Bangladeş Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi M.Amanul Hakdan (oturýan ýeri Ankara şäheri) ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.


Bu meşhur agaç iki jahan urşuny, 7 patyşanyň, 40-dan gowrak premýer-ministriň döwürlerini görendir. Has takygy, ol 28-nji sentýabrda näbelli adamlar tarapyndan çapylýar.


"Türkmenstandartlary" Baş döwlet gullugynyň Döwlet etalon merkeziniň bilermenleri 10 - 13-nji oktýabrda Özbegistanyň Fergana şäherinde geçirilýän "Milli metrologiýa institutlarynyň we oblast merkezleriniň arasynda hyzmatdaşlyk" ady bilen geçirilýän türgenleşik seminaryna gatnaşýarlar.


Plastmassa önümçiligine ýöriteleşen “Derýaplastik” we “Nur Plastik” hojalyk jemgyýetleri Daşkent şäherinde geçirilen “Plastmassa senagaty - Plastex Uzbekistan 2023” halkara sergisine gatnaşdylar.


Sişenbe güni, 10-njy oktýabrda Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim we sport pudaklarynda gazanylan üstünliklere bagyşlanan halkara sergi açylýar. Söwda-senagat palatasy, daşary ýurt kompaniýalarynyň we içerki kärhanalaryň önümlerini we hyzmatlaryny hödürleýän sergini görmäge çagyrýar. Öz stendlerini degişli ministrlikler, edaralar, bilim edaralary we degişli guramalar hem gurarlar.


Türkmenistanyň Medeniýet ministrine we Ylymlar akademiýasynyň prezidentine Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýä ýatlamasy» halkara sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnama BMG-nyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko tarapyndan gowşuryldy.


Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Orazmuhammet Çaryýew ýekşenbe güni, 8-nji oktýabrda SAP-nyň Daşary işler ministriniň orunbasary Walid bin Abdulkarim Al-Huraýji bilen Er-Riýadyň ministrliginde duşuşdy.


Almaty şäherinde hukuk goraýjy edaralaryň we daşary syýasat edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa sebitleýin neşe serişdelerine, psihotrop maddalara we olaryň öňbaşçylaryna bikanun gaçakçylyga garşy göreşmek boýunça maglumat utgaşdyryş merkeziniň gatnaşyjy döwletleriniň Milli utgaşdyryjylar geňeşiniň nobatdaky ýyllyk mejlisi geçirildi.