Türkmenistan Owganystandaky ýertitremede ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini ugratdy


Prezident Serdar Berdimuhamedow Owganystana ynsanperwer kömegini ibermek hakynda Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Oba hojalyk ministrligine, Dokma ministrligine, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine owgan tarapyna ynsanperwer kömek hökmünde muzdsuz esasda derman we lukmançylyk serişdelerini, azyk we dokma önümlerini gowşurmak bellendi.
Daşary işler ministrligine ynsanperwer kömegini Owganystana oktýabr aýynda guramaçylykly iberilmegini we gowşurmak tabşyryldy.
Döwlet telewideniýesinde mälim edilişine görä, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara haýyr-sahawat gaznasynyň ýardamy bilen guralýan bu dostluk alamaty 7-nji oktýabrda Owganystanyň Gerat sebitinde bolup geçen ýertitreme sebäpli owgan halkyna, ilkinji nobatda bolsa, çagalara ynsanperwer kömek bermek maksady bilen guralýar.
ORIENT news








