Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň lukmançylyk edaralaryna 60-dan gowrak Toyota Camry awtoulagyny sowgat etdi


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ýurdumyzyň lukmançylyk edaralaryna 60-dan gowrak Toyota Camry awtoulagy gowşuryldy. Gowşurylyş, 10-njy oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynyň sergi merkezinde açylan «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisiniň çäginde geçirildi.
Adaty sergi, Türkmenistanda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we lukmançylyk pudagynyň işgärleriniň gününe bagyşlanýar. Her ýyl geçirilýän forum lukmançylyk we amaly saglygy goraýyş pudagynda häzirki zaman üstünlikleriniň görkezilýän iň uly we abraýly sergilerden biridir.
Sergide derman serişdeleriniy we lukmançylyk enjamlaryny, saglyk we sport enjamlaryny öndürmekde, şeýle hem saglygy goraýyş we sport pudagynda bilim tehnologiýalaryny işläp taýýarlamakda ýöriteleşen öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary öz pawilýonlaryny hödürlediler.
Sergi öz işini 12-nji oktýabra çenli dowam eder.
ORIENT news








