Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň raýatlary "Arkadag" medalyna mynasyp boldular


Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen daşary ýurtlaryň 2 raýaty - Dritter Orden adyndaky Mýunhen anyklaýyş merkeziniň çagalar we neýroortopediýa bölüminiň müdiri, doktor Frimberger Winsenti we "Çalyk Holding" kompaniýalar toparynyň dolandyryş geňeşiniň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk "Arkadag" medaly bilen sylaglandylar.

Milli telewideniýäniň habar bermegine görä, Frimberger Winsenti we Ahmet Çalyk bu sylaga Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, milli saglygy goraýyş ulgamyna, haýyr-sahawat, meýletinçilik işine, ilatyň saglygyny goramaga goşan goşandy, howandarlyga mätäç çagalara lukmançylyk kömegini, kesel anyklaýyş, sagaldyş we dikeldiş işine oňyn tejribeleri goşandygy üçin sylaglanyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň birnäçe işgärleri hem bu döwlet sylagyna mynasyp boldular.

ORIENT news








