Aşgabatda türkmen alabaýyň we tazysynyň taryhyna hem-de seçgiçilik işine bagyşlanan VI halkara ylmy maslahat geçirildi


S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmen alabaýyny we tazysyny ýetişdirmek: taryh, medeniýet we sungat» atly VI halkara ylmy maslahat geçirildi. Forum tejribeli kinologlary, seçgiçilik boýunça hünärmenleri, weterinariýa işgärlerini, professor-mugallymlary hem-de kinologiýa hünärinde ugry boýunça bilim alýan hünärinde okap bilim alýan talyp ýaşlary bir ýere jemledi.
Maslahatyň çäklerinde uniwersitetiň Medeniýet merkezinde ýöriteleşdirilen sergi ýaýbaňlandyryldy. Sergide genetika, weterinariýa we tohumçylyk işi boýunça häzirki zaman okuw gollanmalary, şeýle hem alabaýyň taryhy keşbini şöhlelendirýän şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi.
Ylmy pikir alyşmalaryň esasy ugry tohumyň arassalygyny gorap saklamak, Aşgabatda we ýurduň sebitlerinde hereket edýän ýöriteleşdirilen kinologiýa merkezlerinde alnyp barylýan tohumçylyk we seçgiçilik işleriniň usulyýet meseleleri boldy. Bilermenler «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmeginiň, şeýle hem türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmeginiň milli kinologiýanyň halkara derejede ykrar edilmegine we onuň institusional taýdan ösdürilmegine giň ýol açandygyny bellediler.
Forumyň gatnaşyjylary daşary ýurtlaryň kinologik birleşikleri bilen halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, halkara göçme sergileri guramak hem-de sebitiň gadymy it tohumlarynyň özboluşly genofonduny gorap saklamak boýunça bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek babatda geljekki ädimleri kesgitlediler.








