Türkmenistanyň dokma önümleri Polşada geçiriljek «Fast Textile – 2026» halkara sergisinde görkeziler


«Made in Turkmenistan» nyşanly dokma önümleri 17–19-njy noýabrda Polşanyň Žguw şäherinde geçiriljek iri halkara dokma sergisi bolan «Fast Textile – 2026»-nyň ekspozisiýasyna giriziler. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde ýurdumyzyň öndürijileriniň bu çärä gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk işleri barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew hasabat berdi.
Milli pawilýonyň çäklerinde Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli hususy kärhanalarda öndürilen taýýar önümleriň, trikotaž önümleriniň, mahmal dokma önümleriniň hem-de ekologiýa taýdan arassa pagta süýüminiň giň görnüşleri görkeziler. Ýewropada geçiriljek bu sergä gatnaşmak eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, Ýewropanyň bölek satuw bazaryna çykmaga we Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň distribýutorlary bilen göni şertnamalary baglaşmaga gönükdirilendir.








