HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Oktýabr 26, 2026 | 19:00 |1049
Çeşme: orient.tm

Täze seljermä görä, şu tomus Ýewropanyň şäherlerinde güýçli yssy sebäpli 50 müňden gowrak adam aradan çykan bolmagy mümkin. Londonyň Arassaçylyk we Tropiki lukmançylyk mekdebiniň anna güni çap eden barlagynyň netijeleri 2026-njy ýylyň tomsuny sebitde aşa yssy bilen baglanyşykly iň köp ölüm hasaba alnan döwür hökmünde görkezýär.

Barlagçylar Ýewropa Bileleşiginiň 27 agza döwletiniň, şeýle hem Beýik Britaniýanyň, Norwegiýanyň we Şweýsariýanyň 854 şäher zolagyndaky temperatura maglumatlaryny seljerdiler. Bu sebitlerde görkezilen 30 ýurduň umumy ilatynyň takmynan 40 göterimi ýaşaýar.

Barlagyň awtorlarynyň çaklamalaryna görä, öwrenilen şäherlerde şu tomus yssy bilen baglanyşykly ölümleriň sany 2000-nji ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi.

Alymlar Ýewropanyň şäherleriniň ýokarlanýan temperatura entek ýeterlik derejede uýgunlaşmandygyny belleýärler. Olar töwekgelçiligi azaltmak üçin ýaşyl zolaklary giňeltmegi, howanyň hapalanmagyny azaltmagy we yssydan ejir çeken adamlara lukmançylyk kömeginiň elýeterliligini ýokarlandyrmagy maslahat berýärler.

CCTV+ habar bermegine görä, barlagyň netijeleri Ýewropada temperaturanyň ýokarlanmagy bilen baglylykda ilaty aşa yssydan goramak çärelerini güýçlendirmegiň zerurdygyny görkezýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026