Aşgabatda HZG bilen bilelikde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň forumy geçiriler


Noýabr aýynda Aşgabatda zähmet standartlary boýunça birnäçe halkara çäre geçiriler. Olaryň hatarynda «Halkara zähmet standartlaryny we durnukly ösüşi öňe sürmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat, şeýle hem Halkara Zähmet Guramasy (HZG) bilen bilelikde guralýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň sebitara forumy bar.
Wise-premýer Batyr Mämmedow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde bu forumlara HZG-niň ýolbaşçylarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleriniň, sebitiň döwletleriniň milli kärdeşler arkalaşyklary merkezleriniň wekilleriniň we bilermenleriň gatnaşmagyna garaşylýandygyny habar berdi. Aşgabatda geçiriljek bu duşuşyklar milli zähmet kanunçylygynyň halkara kadalary bilen sazlaşdyrylmagyna itergi berer hem-de mynasyp zähmet düşünjesini ilerletmek boýunça dialogyň işjeň gatnaşyjysy hökmünde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrar.








