HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Oktýabr 26, 2026 | 20:26 |40
25-nji oktýabrda Katar Döwletiniň Doha şäherinde «Geljege maýa goýum» ady bilen 9-njy Bütindünýä maýa goýum forumynyň açylyş dabarasy geçirildi25-nji oktýabrda Katar Döwletiniň Doha şäherinde «Geljege maýa goýum» ady bilen 9-njy Bütindünýä maýa goýum forumynyň açylyş dabarasy geçirildi
Çeşme: Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçihanasy

25-nji oktýabrda Katar Döwletiniň Doha şäherinde «Geljege maýa goýum» ady bilen 9-njy Bütindünýä maýa goýum forumynyň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa Kataryň Premýer-ministri we Daşary işler ministri, daşary ýurtlaryň hökümet ýolbaşçylary, ministrler we beýleki ýokary derejeli wekiller, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de hususy pudagyň wekilleri gatnaşdylar.

1

Bu dabaraly çärä türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Şeýle hem günüň ikinji ýarymynda forumyň çäginde ministrler derejesinde geçirilen maýa goýumlar baradaky ýokary derejeli sessiýa türkmen wekiliýeti gatnaşdy we ol ýerde ministr N. Agahanow çykyş etdi.

2

Onuň çykyşynda, Türkmenistanyň ykdysady ösüşi, ýurdumyzyň maýa goýum syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, hususan-da, nebit-gaz, energetika, oba hojalygy we senagat pudaklary barada bellenilip geçildi. Mundan başgada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ulag we üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini barada nygtaldy.

3

Agzalan Forum Katar Döwletiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň bilelikde guramagynda 25–27-nji oktýabr aralygynda öz işini dowam eder.

4

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026