Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň ýolbaşçysy Wenada gepleşikler geçirdi


22–23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) başlygy Batyr Wolsahatowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Wena şäherinde boldy. Saparyň maksady söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekden, haryt alyş-çalşygyny ösdürmekden we birža söwdasy boýunça Awstriýanyň tejribesini öwrenmekden ybarat boldy diýip, Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň habar berýär.
Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Awstriýanyň esasy ykdysady edaralarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe ugurdaş duşuşyklary geçirdi. Wena oba hojalyk önümleri biržasynyň ýolbaşçysy Ernst Gaus we biržanyň sekretary Karl Şnaýder bilen geçirilen gepleşiklerde taraplar institusional hyzmatdaşlygyň amaly mehanizmlerini, oba hojalyk önümleriniň söwdasyny işjeňleşdirmegiň ýollaryny, şeýle hem iki ýurduň bazarlaryna birža harytlaryny özara çykarmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Eksport-import mümkinçilikleri bilen bagly meseleler Awstriýanyň Federal Ykdysady palatasynyň (WKÖ) Günorta-Gündogar we Gündogar Ýewropa, şeýle hem Merkezi Aziýa boýunça direktory Dražen Maloçeý bilen geçirilen duşuşykda aýratyn orun eýeledi. Gepleşiklere gatnaşyjylar özara bähbitli işewürlik üçin ösüşiň täze ugurlaryny gözlemäge, söwda amallaryny ýönekeýleşdirmäge we Türkmenistanyň hem-de Awstriýanyň telekeçilik toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary höweslendirmäge aýratyn üns berdiler.








