Aşgabatda Türkmen alabaýynyň baýramy giň gerimde bellenildi: baş baýrak — Toyota Camry


25-nji oktýabrda Aşgabat atçylyk sport toplumy Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli giň gerimli dabaralaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Çäre ýurduň ýolbaşçy düzüminiň wekillerini we diplomatlary, halkara bilermenleri, itşynaslary, «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň wekillerini hem-de gadymy tohuma sarpa goýýan köp sanly muşdaklary bir ýere jemledi.

Serginiň özboluşly öwüşgini toplumyň açyk manežine barýan ýoluň ugrunda guralan giň gerimli sergi bilen has-da artdy. Aşgabatdan, Arkadag şäherinden we ýurdumyzyň bäş welaýatyndan gelen ussatlar adamyň wepaly ýoldaşyna bagyşlanan haly eserlerini, nakgaşçylyk işlerini, heýkeltaraşlyk eserlerini we zergärçilik önümlerini görkezdiler. Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däbiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky taryhy çözgügiň bellenilmegi bolsa dabara aýratyn ähmiýet berdi
Baýramçylyk maksatnamasynyň esasy pursady açyk manežde geçirilen «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Sebitlerde geçirilen saýlama tapgyrlaryndan geçen tohumyň on wekili eminleriň we tomaşaçylaryň öňünde daşky keşbini, türgenleşik derejesini, tizligini hem-de çylşyrymly päsgelçiliklerden geçmekde eýeleriniň öwreden endiklerini görkezdiler.

Bäsleşigiň netijelerine görä, «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna Aşgabat şäherinden hususy itşynas A.Bakeýewiň Akgaýa atly türkmen alabaýy mynasyp boldy. Halkara bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy — «Toyota Camry» kysymly ýeňil awtoulagyň açary gowşuryldy hem-de ol ýörite medal, göçme kubok, diplom bilen sylaglanyldy.

Baýramçylyk sungat işgärleriniň arasynda geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglanmak dabarasy bilen tamamlandy. Alabaýyň keşbi şekillendirilen iň gowy haly eseri hökmünde A.Gulberdiýewiň («Türkmenhaly») işi saýlanyldy. Döredijilik bäsleşiginiň surat eseri ugry boýunça Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby S.Osmanowyň «Miras» atly nakgaş eseri ýeňiji diýlip yglan edildi. Iň gowy heýkeltaraşlyk eseri hökmünde bolsa B.Batyrowanyň «Alabaýyň waspy» atly işi saýlanyldy. Şeýle hem türkmen alabaýynyň özboluşly häsiýetini öz eserlerinde şöhlelendiren ýaş dizaýnerler we teleoperatorlar baýraklara mynasyp boldular.








