Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy


26-njy noýabrda Katar Döwletiniň Doha şäherinde «Geljege maýa goýum» ady bilen geçirilýän 9-njy Bütindünýä maýa goýum forumynyň çäginde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň Katar Döwletiniň Söwda we Senagat ministrliginiň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri Dr. Ahmed bin Mohammed Al-Sayed bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda N.Agahanow Foruma iberen çakylygy üçin minnetdarlyk bildirip, maýa goýum ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň möhümdigini belledi. Ol Türkmen-Katar hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlarda oňyn ösýändigini nygtamak bilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-katar toparynyň işiniň wajyplygyny nygtady. Şeýle hem munuň bilen baglylykda hyzmatdaşlygyň ugurlary boýunça göz öňünde tutulan meseleleriň ýerine ýetirilişi boýunça pikir alşyldy.
Dr. Ahmed bin Mohammed Al-Sayed türkmen wekiliýetiniň Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary gelejekde dürli ugurlar boýunça has-da ýokary derejä götermäge doly ygrarlydygyny belledi.

Mundan başga-da duşuşykda iki dostlukly ýurduň arasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň we duşuşyklaryň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
ORIENT








