Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Täze Zelandiýanyň General-gubernatoryny gutlady
06.02.2025
|09:20
|89
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze Zelandiýanyň General-gubernatory hanym Sindi Kiro Täze Zelandiýanyň milli baýramy — Waýtangi güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmenbaşy we Daşoguz şäherlerinde adalat edaralarynyň täze edara binalary gurlar
06.02.2025
|09:15
|125
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanyň adalat edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we adalat edaralarynyň işgärleriniň iş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi.

Gyrgyz işewürligi TSTB-niň sergisine we Aşgabatdaky halkara maýa goýum forumyna çagyryldy
05.02.2025
|23:40
|92
Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Azizbek Madmarow 4-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen duşuşdy

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi bilen gepleşikleri geçirdi
05.02.2025
|22:30
|122
5-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Nagaşima Akihisanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi

Merkezi Aziýa we ÝB-niň döwletleriniň Owganystan boýunça ýörite wekilleri Duşanbe şäherinde duşuşdylar
05.02.2025
|21:20
|153
5-nji fewralda Duşanbe şäherinde “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygy geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýolbaşçylyk etdi

ÝUNESKO-nyň «Ýaşlar derňew geçiriji ylmy işgärleri hökmünde» taslamasy Merkezi Aziýada başlady
05.02.2025
|21:00
|110
ÝUNESKO-nyň Almatydaky sebitleýin edarasy, Daşkentdäki ÝUNESKO edarasy, ÝUNESKO-nyň howandarlygyndaky Halkara medeniýet ýakynlaşdyryş merkezi we Gazagystanyň milli ÝUNESKO klublar federasiýasy bilen ýakyn hyzmatdaşlykda, Merkezi Aziýada «Ýaşlar derňew geçiriji ylmy işgärleri hökmünde» başlangyjynyň işe girizilendigini habar berdiler

Aşgabatda howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahaty geçiriler
05.02.2025
|20:45
|110
Şu ýylyň 13–15-nji maý aralygynda Aşgabatda howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Maslahata Merkezi Aziýa ýurtlarynyň degişli döwlet edaralarynyň wekilleriniň, halkara guramalaryň we hünärmenleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Olar sebitde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly hereketleri ilerletmek meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar

Türkiýe Müsüre taryhy tapyndylary gaýdyp berdi
05.02.2025
|18:40
|155
Türkiýe bilen Müsüriň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 100 ýyllygy mynasybetli, iki ýurduň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny has-da berkitmek baradaky ygrarlylygyny görkezýän möhüm diplomatik ädim hökmünde, Türkiýeden Müsüre 152 sany taryhy tapyndylar gaýtaryldy

Santorinide ýertitreme – “seýsmiki toplumlaryň” bölegi
05.02.2025
|16:15
|173
Duşenbe güni seýsmiki işjeňligiň artmagy, mümkin bolan güýçli ýertitreme we ýanardagyň atylyşy bilen bagly gorkyny döredenden soň, Gresiýanyň Santorini adasyndan ýüzlerçe adamlar paromda gitmäge howlukdylar.

Belgiýadaky Ilçihanada: Ýewropanyň 20 media ulgamynda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik başlangyçlary
05.02.2025
|15:35
|73
Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde, Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy Ýewropanyň media giňişliginde işjeň işleri alyp barýar ýagny ýurduň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny we 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip, yglan etmek başlangyjyny wagyz edýär