Belgiýadaky Ilçihanada: Ýewropanyň 20 media ulgamynda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik başlangyçlary
05.02.2025 | 15:35 |Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde, Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy Ýewropanyň media giňişliginde işjeň işleri alyp barýar ýagny ýurduň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny we 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip, yglan etmek başlangyjyny wagyz edýär.
Hususan-da, Türkmenistanyň Brýusseldäki Ilçihanasynyň ikinji sekretary Maral Rahymowa, Ýewropanyň 20 media ulgamynda parahatçylyk söýüjilik başlangyçlaryny we Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyny şöhlelendirýän 30-dan gowrak makalany we ýazmaça söhbetdeşligi çap etdi.
Bu ulgamlaryň arasynda – EUtoday, EUreporter, NEglobal, Traveltomorrow, Eurasiareview, Eurasiafocus, Eubriefs, Eurasiamagazine, Commonspace, Bruxelleskorner, Polecreatifliegeois we beýlekiler bar.
Bularyň netijesinde ýewropaly tomaşaçylar Türkmenistanyň diplomatik strategiýasy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alýar.
Maglumatlar dört dilde taýýarlandy: iňlis, fransuz, türk we rus. Bu bolsa maglumatlaryň ýaýramagyny we elýeterliligini ep-esli giňeltdi.
Mundan başga-da, Maral Rahymowa Ýewropanyň “Kanal Avrupa” teleýaýlymynda “Brýusseliň aktualny meseleleri” atly gepleşiginde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşyp, onuň dowamynda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty we parahatçylygy goraýyş başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
ORIENT