Iň täze habarlar

Gyrgyz işewürligi TSTB-niň sergisine we Aşgabatdaky halkara maýa goýum forumyna çagyryldy

05.02.2025 | 23:40 |
 Gyrgyz işewürligi TSTB-niň sergisine we Aşgabatdaky halkara maýa goýum forumyna çagyryldy

Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Azizbek Madmarow 4-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar geçen bir ýylda Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň netijelerini jemlediler we bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar diýip Gyrgyzystanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Ilçi Madmarow Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň altynjy mejlisiniň kararlarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini aýtdy. Hususan-da, bilelikdäki maýa goýum taslamalary baradaky ylalaşyklara şol sanda Gyrgyz-Türkmen Ösüş gaznasyny döretmek baradaky meselesinine ünsi jemledi.

Iki ýurduň söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýeti bellendi. Şu nukdaýnazardan Gyrgyzystanyň Söwda-senagat edarasy aprel aýynda Gyrgyz telekeçileri üçin Türkmenistana iş saparyny guramak başlangyjy yglan etdi. Ilçi bu çäräni durmuşa geçirmäge ýardam bermekligi haýyş etdi.

Nökerguly Atagulyýew bilelikdäki işi güýçlendirmek isleýändigini tassyklady we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi. Şeýle hem, Gyrgyz telekeçilerini şu ýylyň ýazynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergä we “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlary” atly halkara forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

ORIENT

Foto: mfa.gov.kg

Şeýle hem okaň: