Türkiýe Müsüre taryhy tapyndylary gaýdyp berdi
05.02.2025 | 18:40 |Türkiýe bilen Müsüriň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 100 ýyllygy mynasybetli, iki ýurduň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny has-da berkitmek baradaky ygrarlylygyny görkezýän möhüm diplomatik ädim hökmünde, Türkiýeden Müsüre 152 sany taryhy tapyndylar gaýtaryldy.
«Anadolu» habarlar agentliginiň berýän maglumatyna görä, taryhy tapyndylary yzyna gaýtarmak dabarasyna Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý hem-de Müsüriň gadymy eserler we syýahatçylyk ministri Şerif Fathi gatnaşdylar. Dabara çäklerinde iki ministr iki ýurduň syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekdiler.
Gaýtarylan gadymy medeni miras nusgalary 1998-nji ýylda Türkiýa gelen daşary ýurt raýaty tarapyndan bikanun alynypdyr. Olaryň hatarynda b.e.ö. 2000-nji ýyla degişli bürünç, aýna we daş tumarlar hem-de monjuk bölekleri bar.
Ministr Ersoý dabarada eden çykyşynda medeni gymmatlyklaryň öz gelip çykyş ýerlerinde ýaşaýan halklaryň şahsyýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny nygtady. Ol Türkiýänyň medeni mirasynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek ugrunda hyzmatdaşlyga berk ygrarlydygyny tassyklady.
ORIENT