Merkezi Aziýa we ÝB-niň döwletleriniň Owganystan boýunça ýörite wekilleri Duşanbe şäherinde duşuşdylar
05.02.2025 | 21:20 |5-nji fewralda Duşanbe şäherinde “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygy geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýolbaşçylyk etdi.
Şeýle formatdaky ýörite wekilleriň duşuşyklary yzygiderli geçirilýär we Owganystanda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça tagallalary ilertletmekde oňyn meýdança bolup hyzmat edýär.
Häzirki 6-njy duşuşyk 2024-nji ýylyň fewral aýynda geçirilen soňky duşuşykdan bäri Owganystandaky wakalar we ykdysady ýagdaý barada maglumat alyşmaga, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda mundan beýläkki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döretdi.
Taraplar Owganystany durnukly, asuda we gülläp ösýän ýurda öwürmek meselesinde berk ygrarlydyklaryny mälim etdiler we halkara jemgyýetçiliginiň Owganystanyň halkyna goldaw bermegi dowam etdirmek ugrundaky tagallalaryny tassykladylar.
Duşuşykda Owganystany ykdysady taýdan durnuklylaşdyrmak we dikeltmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ykdysady işjeňlik, maliýe we bank pudagy üçin amatly şertleri döretmegiň we Owganystandaky durmuş-ykdysady infrastrukturany dikeltmegiň ähmiýeti bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda Ahmet Gurbanow gatnaşyjylary türkmen tarapynyň Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmek boýunça durmuşa geçirýän işleri barada giňişleýin maglumat berdi.
Duşuşyga gatnaşyjylar “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” formatynyň çäginde dialogy we hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygyny bellediler we Owganystandaky syýasy, ykdysady we ynsanperwer ýagdaýlary durnuklaşdyrmak üçin halkara jemgyýetçiliginiň – dünýäniň döwletleriniň, esasanam Merkezi Aziýa sebitiniň şeýle hem abraýly halkara düzümleriniň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygy barada umumy pikiri beýan etdiler diýip, Türkmenistanyň DIM-niň habarynda beýan edilýär.
Taraplar Owganystany dikeltmek we ählumumy gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagy bilen baglanyşykly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça ýakyn hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdi.
ORIENT