Iň täze habarlar

Türkmenistan täze okuw ýylyna taýynlanýar: welaýatlaryň netijeleri we meýilnamalary

14.08.2025 | 17:00 |
 Türkmenistan täze okuw ýylyna taýynlanýar: welaýatlaryň netijeleri we meýilnamalary

Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek maksatnamasynyň çäginde Türkmenistanyň welaýatlarynda täze okuw ýylynyň başlanmagyna uly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu işler bilimiň hilini ýokarlandyrmaga we mekdepleriň maddy-tehniki binýadyny berkitmäge gönükdirilendir.

Hususan-da, Lebap welaýatynda 2024–2025-nji okuw ýyly üstünlikli tamamlandy. Baş bilim müdirliginiň maglumatlaryna görä, welaýatyň çäginde 384 umumybilim berýän orta mekdebi, 3 mekdep-internaty we 284 mekdebe çenli çagalar edaralary hereket edýär. 21 364 uçurym mekdebi üstünlikli tamamlady, täze okuw ýylynda bolsa 24 830-dan gowrak birinji synp okuwçysyny kabul etmäge taýýarlyk görülýär. 1-nji sentýabrda Çärjew etrabynda täze orta mekdebiň binasy açylar.

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebinde bilim işgärleri üçin awgust maslahaty geçirildi. Mekdep kitaphanalarynyň işgärleriniň taýýarlygyna aýratyn üns berildi. Kitaphanaçylaryň usulyýet we amaly meseleler boýunça eden çykyşlary, welaýatlaryň täze okuw ýylyna taýýarlyk işlerine toplumlaýyn çemeleşýändigini, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynyň taýýarlygyny üpjün etmäge aýratyn üns berilýändigini görkezýär.

ORIENT

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: