Türkmen talyplary Malaýziýada geçirilen tomusky maksatnama gatnaşdylar
14.08.2025 | 16:40 |2025-nji ýylyň 3–9-njy awgust aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy hem-de bäş talyby Malaýziýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Malaý uniwersitetinde geçirilýän abraýly “Future is Now” atly tomusky maksatnamasyna gatnaşdylar. Bu maksatnamanyň çäginde talyplar häzirki zaman dünýä tejribeleri bilen tanyşdylar hem-de täze bilimleri we başarnyklary özleşdirdiler.
Bu başlangyç, 2024-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Malaý uniwersitetiniň arasynda gol çekilen Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama laýyklykda amala aşyryldy. Ylalaşyk talyplar we mugallymlar alyş-çalyşyny ösdürmäge, bilelikdäki ylmy barlag işlerini geçirmäge we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.
ORIENT