Iň täze habarlar

Aaeon: Intel Core Ultra esasynda täze ultra ykjam senagat PC-si

30.07.2025 | 15:00 |
 Aaeon: Intel Core Ultra esasynda täze ultra ykjam senagat PC-si

Aaeon kompaniýasy PICO-MTU4-SEMI mini-kompýuterini çykardy — Intel Core Ultra prosesoryň binýadynda döredilen bu enjam wentilýatorsyz işleýär. Öndürijiniň bellemegine görä, bu şeýle görnüşli «dünyaniň iň kiçi» enjamydyr. Onuň ölçegleri bary-ýogy 108 x 95 x 43 mm barabar.

Kiçi ölçeglerine garamazdan, PICO-MTU4-SEMI doly passiw ýagdaýda, ýagny wentilýatorsyz işleýär. Bu ýagdaý onuň sessizligini we ýokary ygtybarlylygyny üpjün edýär. Kompýuter, aýratynlykda robotlara we awtomatlaşdyrylan ulag serişdelerine (AGV) integrasiýa üçin senagatda ulanylmaga niýetlenendir.

Şu sebäpli PICO-MTU4-SEMI senagat enjamynda giňden ulanylýan birnäçe DB9 konnektory bilen enjamlaşdyrylandyr, olaryň köpüsi opsional bolup, RS-232/422/485 yzygiderli aragatnaşyk üçin niýetlenendir. Bu portlaryň biri GPIO (General Purpose Input/Output) wezipesini hem ýerine ýetirýär, bu bolsa maglumat girizmek we çykarmak mümkinçiliklerini giňeldýär. Ýörite konnektorlardan başga, mini-PC-de iki USB 3.2 Type-A, 2.5GbE we 1GbE tor portlary, HDMI 1.4 porty we zarýad öýjügi bar.

0,6 kg agramlyk Mini-PC-de şular ýerleşdirilendir: Intel Core Ultra 5 125U ýa-da has güýçli Intel Core Ultra 7 165U prosesory (ikisi-de 15 W TDP başlangyç güýç bilen), 32 GB-a çenli LPDDR5 operasion ýady (çiplendirilen), M.2 2280 ýatda saklaýjy üçin slot (PCIe Gen 4 we SATA bilen uýgunlaşýan) we Wi-Fi moduly üçin goşmaça M.2 2230 E-Key sloty. Mini-PC Windows 10, Windows 11 we Ubuntu Linux 22.04.2 operasion ulgamlaryny goldaýar.

ORIENT

Foto: Aaeon

Şeýle hem okaň: