Iň täze habarlar

Nvidia kompaniýasynyň ýolbaşçysy HHR-de çip satuwlaryny täzeden dikeltmek meýilleri barada aýtdy

19.07.2025 | 11:20 |
 Nvidia kompaniýasynyň ýolbaşçysy HHR-de çip satuwlaryny täzeden dikeltmek meýilleri barada aýtdy

Nvidia kompaniýasynyň baş direktory Jensi Huang Hytaýyň emeli aň (AI) ulgamyndaky üstünliklerine ýokary baha berdi we olary “ähli dünýäde ösüşiň katalizatory” diýip atlandyrdy, şeýle-de olaryň logistika zynjyrlarynyň “rewolýusion özgermegine” goşýan goşandyny nygtady. Bu çykyşyny ol Pekinde geçirilen Halkara üpjünçilik zynjyrlary forumynda etdi.

Huangyň aýtmagyna görä, hytaý AI modelleri “ýokary derejeli tehnologiýalar” bolup durýar, Hytaýyň özi bolsa “dinamiki” müşderiler bilen möhüm bazar hasaplanylýar. Ol Hytaýyň emeli aňyň ösüşiniň dünýä derejesindäki tehnologik özgerişlere uly goşant goşýandygyny we dürli pudaklar üçin täze mümkinçilikleriň gapysyny açýandygyny aýtdy.

Şu beýanatlardan soň Nvidia kompaniýasy H20 çipleriniň Hytaýa iberilişini täzeden başlamagy meýilleşdirýändigini tassyklady. Munuň öňüsyrasynda ABŞ Hytaýa ýokary tehnologiýaly komponentleriň eksportyna girizen käbir çäklendirmeleri ýeňilleşdirdi. Bu çipler täze eksport düzgünlerine laýyklykda taýýarlanyldy we kompaniýa Hytaý bazaryndaky işini täzeden işjeňleşdirmegi göz öňünde tutýar.

Şol bir wagtda Waşingtondan ABŞ bilen Indoneziýanyň arasynda täze 19% möçberindäki gümrük nyrhy boýunça ylalaşyga gelnendigi baradaky habar hem gelip gowuşdy. Bu ylalaşyk ýurtlaryň ikitaraplaýyn söwdasyna täsir ýetirip biler.

ORIENT

Foto: rbc.ru

Şeýle hem okaň: