Iň täze habarlar

Tomsuñ gyzgalañly döwri: howa hünärmenleri öňümizdäki hepdäniñ yssy bolmagyny çaklaýarlar

16.06.2025 | 15:00 |
 Tomsuñ gyzgalañly döwri: howa hünärmenleri öňümizdäki hepdäniñ yssy bolmagyny çaklaýarlar

Türkmenistanyň paýtagtynda tomsuň gyzgyn howasy ornaşdy. Howa maglumaty boýunça, şu hepdäniň dowamynda howanyň temperaturasy +32°C-den +41°C aralygynda üýtgär.

Iň gyzgyn gün duşenbe, 16-njy iýun bolar: gündiz howa +41°C çenli gyzar, gijesine bolsa takmynan +25°C çenli salkyn bolar. Sişenbe güni gyzgynlyk birneme peseler — gündiz +37°C, gijesi +28°C. Hepdäniň ortalaryndan başlap howa has rahat bolar. Çarşenbe we penşenbe günleri howanyñ gündiz +32…+34°C, gijelerine bolsa +25…+26°C töweregi bolmagyna garaşylýar.

Anna güni, 20-nji iýunda, howanyň +35°C çenli gyzmagy mümkin, şenbe güni bolsa +38°C çenli ýyly bolar. Ýekşenbe güni, 22-nji iýunda temperatura täzeden +40°C çenli ýokarlanyp biler.

Howa hünärmenleri mümkin boldugyça açyk howada bolmagy irden ýa-da agşamara meýilleşdirmegi, ýagty reňkli egin-eşik geýmegi we suwuklyk kabul etmek düzgünini unutmazlygy maslahat berýärler.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: