Iň täze habarlar

Türkmenistanda Magtymguly adyndaky Ýaşlar baýragyna resminamalaryň kabul edişligi başlandy

09.07.2025 | 10:45 |
 Türkmenistanda Magtymguly adyndaky Ýaşlar baýragyna resminamalaryň kabul edişligi başlandy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň şäher we welaýat geňeşlerinde Ýaşlar baýragyny almak üçin resminamalaryň kabul edişligi başlandy.

Edebiýatda, sungatda, medeniýetde, ylymda, tehnikada, saglygy goraýyşda, sportda, oba hojalygynda we terbiýeçilik işlerinde üstünlik gazanan 16-35 ýaş aralygyndaky ýurdumyzyň raýatlary gatnaşmaga çagyrylýar. Ozal bu baýrak bilen sylaglanan şahslar gaýtadan dalaş edip bilmeýär.

Resminamalar 2025-nji ýylyň 15-nji sentýabryna çenli Ýaşlar guramasynyň Aşgabat we Arkadag şäher geňeşlerinde, şeýle hem welaýat bölümlerinde kabul edilýär. Resminamalar kabul edilenden soňra, Guramanyň Merkezi Geňeşine geçirilýär. Merkezi Geňeş baýragy bermek baradaky gutarnykly karary kabul edýär. Dalaşgärleriň soňky üç ýylda – 2023, 2024 we 2025-nji ýyllarda gazanan üstünlikleri göz öňünde tutulýar.

1

Gatnaşmak üçin 3x4 ölçegdäki alty sany reňkli fotosuratlary, şahsy maglumaty we baýraga hödürlenýäniň familiýasynyň, adynyň, atasynyň adynyň, doglan senesiniň, wezipesiniň, gulluk we öý salgysynyň we telefon belgisiniň görkezilmegi bilen kagyz hem-de elektron görnüşdäki terjimehaly tabşyrmaly. Resminamalara pasport nusgalary, işleýän bolsa zähmet depderçesiniň tassyklanan nusgalary hem goşulýar.

Şeýle hem, baýraga hödürlenýänleriň işiniň jemgyýetçilik tarapyndan ykrar edilendigi baradaky subutnamalary hem talap edilýär: hormat hatlar, diplomlar we beýleki baýraklaryň nusgalary, çykyşlaryny we işlerini görkezýän fotosuratlar, CD we DVD ýazgylary, metbugatda çap edilen döredijilik işleriniň nusgalary. Mundan başga-da, baýraga hödürleýän edara-kärhanalaryň, guramalaryň häsiýetnamasy we etrap, şäher, welaýat Ýaşlar guramasynyň mejlisleriniň beýanyndan göçürme gol çekilip, möhür basylyp, tassyklanan bolmaly.

ORIENT

Foto: turkmenistan.gov.tm

Şeýle hem okaň: