Iň täze habarlar

Balkanabat günbatar sebitdäki içerki ugurlar üçin gelýän we ugradylýan uçarlar üçin howa menziline öwrüler

18.05.2025 | 23:45 |
 Balkanabat günbatar sebitdäki içerki ugurlar üçin gelýän we ugradylýan uçarlar üçin howa menziline öwrüler

Milli “Türkmenistan” awiakompaniýasy ýurduň günbatar sebitine ýerine ýetirilýän içerki uçar gatnawlarynyň tertibinde üýtgeşmeler barada ýolagçylara habar berdi.

2025-nji ýylyň 19-njy maýyndan başlap, ozal Türkmenbaşy şäheriniň howa menzilinden (Aşgabat, Türkmenabat, Mary we Daşoguz ugurlary boýunça) ýerine ýetirilýän gatnawlar wagtlaýyn togtadylýar.

Şol bir wagtda, awiakompaniýa şol bir ugurlar boýunça indi täze halkara derejesindäki Balkanabat şäheriniň howa menzilinden gelip-gidýän görnüşde yzygiderli gatnawlary işe girizýär. Gürrüñ şu ugurlardaky gatnawlar barada gidýär: Aşgabat – Balkanabat – Aşgabat, Türkmenabat – Balkanabat – Türkmenabat, Mary – Balkanabat – Mary we Daşoguz – Balkanabat – Daşoguz.

Şeýlelik bilen, görkezilen şäherler bilen günbatar sebitiniň arasynda syýahat edýän ýolagçylar üçin Balkanabat täze gelip-gidýän howa menziline öwrülýär.

Türkmenbaşy şäheriniň howa menzili arkaly öň gatnaw biletlerini satyn alan ýolagçylar üçin:

Pul serişdeleriniň yzyna gaýtarylyşy ýa-da mugt ugur üýtgedişligi hödürlenýär. Onlaýn satyn alnan biletler üçin bolsa, mugt ýatyrmak we Balkanabat arkaly alternatiw ugra täzeden resmileşdirmek mümkinçiligi bar. Bu meseleleri çözmek üçin Türkmenistandaky islendik awiabilet satyn alyş nokadyna ýüz tutup bilersiňiz, onlaýn biletler üçin bolsa turkmenistanairlines.tm resmi web sahypaayndan peýdalanyñ.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: