Iň täze habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedowyň RF-nyň Tatarystan Respublikasyna bolan saparynyň esasy pursatlary we netijeleri

17.05.2025 | 00:45 |
 Gurbanguly Berdimuhamedowyň RF-nyň Tatarystan Respublikasyna bolan saparynyň esasy pursatlary we netijeleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşmak maksady bilen 16-njy maýda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Ol ýerde Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly myhman hökmünde çykyş etdi.

Geçen ýyllaryň dowamynda “Russiýa — Yslam dünýäsi” forumy Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin abraýly meýdança öwrüldi. Bu ýyl sanlaşdyrmak meselesi ara alyp maslahatlaşmagyň esasy temasy boldy. Ol halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň esasy ugry hökmünde kesgitlenildi.

view_10256499_7803715.jpg

Forumyň plenar mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tehnologiýalary, innowasiýalary we emeli aňy ulanmak boýunça Türkmenistanyň garaýşyny beýan etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Türkmen halkynyň Milli lideri ýokary tehnologiýaly we nerw ulgamlary pudagynda bilelikdäki işiň möhümdigini aýtdy. Bu ugurlar yslam dünýäsiniň ýurtlary üçin has ähmiýete eýe bolup, özara gatnaşyklar üçin täze gözýetimler açýar.

Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim öz çykyşynda Türkmenistanyň başlangyçlaryna aýratyn üns berip, Gurbanguly Berdimuhamedowyň tehnologik hyzmatdaşlyk baradaky teklipleriniň ähmiýetini belläp geçdi.

_file_photoreport3_print_10256499_7803731.jpg

Plenar mejlisden soň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Baştutany Rustam Minnihanowyň resmi duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar, eýýäm gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýetini hem-de olaryň durmuşa geçirilmeginde özara gyzyklanmany aýratyn bellediler.

Duşuşygyň aýratyn ýagdaýy onuň mähirli we resmi däldigi bilen tapawutlandy: Tatarystanyň ýolbaşçylyklarynyň adyndan türkmen myhmanynyň hormatyna kabul edilişlik dabarasy geçirildi. Oňa Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew hem gatnaşdy. Üç döwlet işgäriniň arasyndaky söhbetdeşlikde türkmen-tatar gatnaşyklarynyň dürli ugurlar boýunça mundan beýläk-de çuňlaşjakdygyna bolan ynam beýan edildi.

Saparyň maksatnamasy diňe bir resmi gepleşikleri däl, eýsem medeni çäreleri hem öz içine aldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Tatarystanyň Baştutany Kazanyň belli medeni merkezleriniň biri bolan Galiaskar Kamal adyndaky Teatra bilelikde baryp gördüler.

театр.jpg

Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow teatryň içki bezegi, zallaryň tehniki enjamlaşdyrylyşy, artistler we tomaşaçylar üçin döredilen şertler bilen tanyşdylar. Bu sapar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm bölegi hökmünde medeni alyş-çalyşygyň ähmiýetini aýratyn nygtady.

…Şeýlelik bilen, Tatarystana amala aşyrylan sapar, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen ýakyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen yzygiderli syýasatynyň dowamy boldy. Hususan-da, özara peýdalylyk we hormat goýmak ýörelgeleri esasynda gurlan hyzmatdaşlygyň güýçlenmegi Tatarystan bilen gatnaşyklarda has-da aýdyň ýüze çykýar.

Türkmenistan bilen Tatarystan nebitgaz senagaty, gämi gurluşygy, awiasiýa we awtoulag tehnikalarynyň üpjünçiligi ýaly ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Şol bir wagtyň özünde, ynsanperwer gatnaşyklary, medeni alyş-çalyşlar we bilelikdäki bilim taslamalary hem täze itergi aldy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklary utgaşdyrýan esasy gurluşlaryň biri söwda-ykdysady, ylym-tehnologiýa we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki iş toparydyr. Hut şu meýdançada häzirki zaman çagyryşlary we mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, anyk taslamalar ara alnyp maslahatlaşylýar we olary durmuşa geçirmegiň mehanizmleri işlenip düzülýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow KazanForumyň hormatly myhmany hökmünde gatnaşmagy eýýäm birinji gezek däl. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy 2022-nji we 2024-nji ýyllarda bu forumlara gatnaşmagy Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk ugrunyň durnuklylygyny tassyklap, yslam dünýäsi bilen dialogy giňeltmäge bolan gyzyklanmany aýratyn nygtaýar.

Yzygiderli duşuşyklar, pikir alyşmalar we taslamalar boýunça bilelikdäki işläp taýýarlamalar diňe bir ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmäge mümkinçilik bermän, eýsem halklary ýakynlaşdyrmaga, ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge, özara ynanyşmak we hormat goýmak ruhyny döretmäge ýardam edýär.

view_10256579_7803839.jpg

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kazana amala yşyran iş sapary türkmen-tatar we has giň görnüşde türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ösüşindäki möhüm bir tapgyr boldy. Kazan forumyna gatnaşylmagy, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen hem-de yslam dünýäsi ýurtlary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga bolan üýtgewsiz ygrarlylygyny tassyklamaga mümkinçilik berdi.

ORIENT

Foto: rais.tatarstan.ru

Şeýle hem okaň: