Iň täze habarlar

MediaTek Apple-yñ yzyndan ýetýär: sentýabrda 2-nm çipleriň önümçilige taýýarlanylşyna garaşylýar

21.05.2025 | 19:20 |
 MediaTek Apple-yñ yzyndan ýetýär: sentýabrda 2-nm çipleriň önümçilige taýýarlanylşyna garaşylýar

Geçirilen Computex sergisinde Taýwan kompaniýasy MediaTek uly ösüş barada habar berdi: kompaniýa sentýabr aýyna çenli ilkinji 2-nm çipleriniň işlenip taýýarlanylmagyny tamamlamagy meýilleşdirýär. Bu ösüş, MediaTek-iň TSMC bilen ýakyn hyzmatdaşlygynyň netijesinde mümkin boldy. TSMC ýylyň ikinji ýarymynda bu 2-nm çipleriň köpçülikleýin önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär. Şeýdip, MediaTek Apple we Qualcomm ýaly ägirtlerden yza galmazlyga çalyşýar we bu öňdebaryjy tehnologiýany köpçülikleýin önümlerinde ulanjakdygyny kompaniýanyň baş direktory Rik Saý tassyklady.

2-nm tehnologiýadan başga-da, MediaTek öz işläp taýýarlamalaryny işjeň diwersifisirleýär. Kompaniýa Google Chromebooks üçin ýöriteleşdirilen 3-nm prosessorlaryny üpjün etmegi meýilleşdirýär. Emeli añ ulgamynda MediaTek, Nvidia bilen GB10 (DGX Spark ulgamy üçin) ýaly server ulgamlary üçin çipleri we çak edilmegine görä, noutbuklar üçin niýetlenen N1X prosessorlaryny taýýarlamakda hyzmatdaşlyk edýär. Şeýle hem MediaTek, GeForce RTX grafikasy bilen enjamlaşdyrylan prosessor ýadrolaryny awtomobil senagatyna ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Nvidia-nyň NVLink Fusion interfeýsini ulanyp taýýarlanan önümleriň 2027-nji ýyldan ir çykmagyna garaşylmaýar.

ORIENT

Foto: MediaTek

Şeýle hem okaň: