"Türkmennebit" buraw guýylaryny dikeltmek arkaly gazyp alnyş möçberini ösdürýär
22.05.2025 | 11:30 |Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny täze belentliklere götermekde we baýlyklar känlerinden alynýan ýangyç çig mallarynyň möçberlerini artdyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň welaýatdaky Guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri netijeli işleri amala aşyrýarlar.
Önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden nebitgazly guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda bu müdirlikler boýunça Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen döwründe öwgä mynasyp işler bitirildi.
Gürrüňi edilýän döwürde tutuş konsern boýunça abatlaýjylaryň tagallasy bilen gaýtadan hatara goşulyp, önümçilige tabşyrylan guýularyň sany 138-e ýetdi. Munuň özi göz öňünde tutulandan 8 guýy köpdür.
Abatlaýjylaryň yhlasy bilen bu döwürde 30 müň 270 tonna «gara altyn» alnyp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna ugradyldy. Täzeden herekete girizilen guýularyň hasabyna çykarylan «mawy ýangyjyň» möçberi bolsa 10 million 463 müň kub metre barabar boldy.
ORIENT