Türkmenistan we ÝHHG: Hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça meýilnamalar
18.05.2025 | 13:30 |Ministrler Kabinetiniň şenbe güni, 18-nji maýda geçirilen mejlisinde wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan halkara we sebit guramalary, şol sanda ÝHHG bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berýär. Türkmenistan bu gurama bilen hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça alnyp barylýar.
Şu hyzmatdaşlygyň çäginde öňümizdäki aýlarda birnäçe bilelikdäki çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär:
• ÝHHG-niň Parlament assambleýasynyň mejlisine gatnaşmagy: Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti 29-njy iýuny – 3-nji iýuly aralygynda Porto şäherinde (Portugaliýa) geçiriljek ÝHHG-niň Parlament assambleýasynyň 32-nji her ýylky mejlisine gatnaşar. Bu forumyň çäklerinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ugurdaş çäräni guramak meýilleşdirilýär.
• ÝHHG-niň DIAHB-nyň sapary: Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek, onuň işi bilen tanyşmak, şeýle hem hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen türkmen wekiliýetini Warşawa şäherinde (9-njy iýunyn) iş saparynda bolarlar.
• Stambuldaky forum: 18-19-njy iýuny aralygynda (Türkiýe) Stambul şäherinde geçiriljek ÝHHG-niň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň serhet gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň Forumyna türkmen wekiliýeti gatnaşar. Bu forumda Türkmenistanyň ÝHHG bilen serhet howpsuzlygy boýunça alyp barýan işleriniň esasy ugurlary beýan ediler.
• Aşgabatdaky sebitleýin maslahat: ÝHHG bilen bilelikde dawalaryň öňüni almak boýunça 27–28-nji maýda Aşgabat şäherinde öňüni alyş diplomatiýasy hem-de BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” gün tertibini durmuşa geçirmek hem-de bu ugurda Howpsuzlyk Geňeşiniň degişli Kararnamasyny ýerine ýetirmek boýunça sebitleýin maslahaty geçiriler.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň nygtaýşy ýaly, bu çäreler Türkmenistanyn bilen ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
ORIENT