Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen RF-iň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

16.05.2025 | 23:25 |
 Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen RF-iň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Şu gün RF-iň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Wladimir Putin “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumynyň möhüm ähmiýetini belläp, bu ýokary derejeli duşuşyga gatnaşandygy üçin Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we pursatdan peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Wladimir Putini Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen gutlap, Kazanda geçirilýän foruma gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlygyny bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi diýip, TDH habar berýär.

Gepleşigiň dowamynda söhbetdeşler Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda dostluk, ynanyşmak, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, döwletara dialogy mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar.

Ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklar hem işjeň ösdürilýär. Ýurtlarymyz sebit we halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar türkmen-rus gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine yzygiderli pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

ORIENT

Foto: rais.tatarstan.ru

Şeýle hem okaň: