BOMCA 10 Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň sanly mümkinçiliklerini güýçlendirýär
11.05.2025 | 22:25 |Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada Serhetleri dolandyrmak maksatnamasy (BOMKA 10) tarapyndan serhetüsti jenaýatlary ýüze çykarmak we derňemek boýunça Türkmenistanyñ hukuk goraýjy edaralaryň mümkinçiliklerini güýçlendirmek ugrunda işjeň çäreleri alnyp barylýar. Maksatnamanyñ “Bozulmalary ýüze çykarmak mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak” atly 2-nji komponenti boýunça Aşgabatda geçirilen soňky çäreler hünärmenleriň hem başarnyklaryny, hem-de olaryñ gurallaryny kämilleşdirmäge gönükdirildi.
6-8 maý aralygynda BOMKA 10 Maksatnamasy açyk çeşmelere esaslanýan aňtaw (OSINT) boýunça üç günlük okuw-seminaryny geçirdi. Okuwa Türkmenistanyň dürli hukuk goraýjy edaralarynyň – Içeri işler ministrliginiň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Döwlet serhet, gümrük we migrasiýa gulluklarynyň, şeýle-de Baş prokuraturanyň operatiw we derňew bölümleriniň wekilleri gatnaşdy. Litwaly bilermenleriñ ýolbaşçylygynda gatnaşyjylar OSINT usullarynyň jenaýat derňewlerinde ulanylyşy, sanly maglumatlary seljermek üçin gurallar bilen işlemek, kriptowalýuta tranzaksiýalaryny, maliýe akymlaryny we NFT ýaly döwrebap tehnologiýalar arkaly bikanun pul ulanmak usullaryny yzarlamak boýunça başarnyklary özleşdirdiler. Şeýle hem, ykjam enjamlar we sosial ulgamlary arkaly operatiw maglumatlary toplamak işine aýratyn üns berildi.
Mundan başga-da, 5-nji maýda Aşgabatda Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine kriminalistik we sanly derňewler üçin umumy bahasy 109 müň ýewrodan gowrak bolan häzirki zaman enjamlar gowşuryldy. Bu enjamlaryň düzümine ýerüsti lazer 3D skaner, kompýuterler, ýöriteleşdirilen programma üpjünçiligi we maglumat ýygnamak gurallary girýär. Olar derňewçilere wakalaryň bolan ýerleriniň ýokary takyklykdaky 3D modellerini döretmäge mümkinçilik berip, sud-ekspertiza seljerişleriniň takyklygyny artdyrar.
Enjamlar bilen üpjün etmek 2025-nji ýylyň mart aýynda IIM-niň Kriminologiýa barlaglary merkeziniň işgärleri üçin geçirilen 3D skanerleri ulanmak boýunça amaly okuwlaryň dowamydyr. Şeýle hem, MOBILedit Forensic programma üpjünçiliginiň ygtyýarnama boýunça toplumlary we sanly enjamlar bilen işlemek üçin zerur enjamlar berildi. Bu gurallar neşe we ýarag söwdasy ýaly serhetüsti jenaýatlary netijeli derňemek üçin örän möhümdir. Olar derňewçilere gizlin ýa-da pozulan sanly maglumatlar bilen işleşmäge mümkinçilik berýär.
Şeýlelikde, BOMKA 10 Maksatnamasy Türkmenistanyň hukuk goraýjy işgärleriniň mümkinçiliklerini hem döwrebap bilim we sanly aňtaw-derňew başarnyklary, hem-de halkara ülňülere laýyk enjamlar bilen üpjün etmek arkaly toplumlaýyn taýdan güýçlendirýär.
OSINT boýunça okuw-seminary we häzirki zaman kriminalistik-sanly enjamlar bilen üpjün edilişi ýaly, BOMKA 10 Maksatnamasynyñ Türkmenistandaky soňky çäreleri – häzirki zaman usullar we tehnologiýalar arkaly çylşyrymly serhetüsti jenaýatlary netijeli ýüze çykarmakda ýurduň hukuk goraýjy edaralarynyň mümkinçiliklerini ep-esli giňeltdi.
ORIENT