Aşgabat Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlarynyň arasyndaky dialog üçin meýdança öwrüldi
13.05.2025 | 01:05 |12-nji maýda, duşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary we döwlet işgärlerini birleşdirýän sebitleýin seminar öz işine başlady. Bu möhüm waka, sebitiň geljekdäki diplomatik liderleriniň arasynda hyzmatdaşlygy we tejribe alyşmagy maksat edinýär. Seminar öz işini 16-njy maýa çenli dowam eder.
Açylyş dabarasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleriniň, ýurtda akkreditirlenen daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň şol sanda BMG-niň gurluşlarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda geçirildi.
Açylyş dabarasynda edilen çykyşlarda Türkmenistanyň parahatçylyk medeniýetini kemala getirmäge we häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda ynanyşmak dialogynyň, şeýle hem ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çuňňur ygrarlylygy aýratyn nygtaldy. Aşgabadyň başlangyçlarynyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegi bu işlere doly şaýatlyk edýär: Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, ösüşi, durnukly ulag, energetika, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we ynsanperwerlik ugurlary ýaly möhüm ugurlardaky başlangyçlar BMG-niň Baş Assambleýasynyň 29 sany kararnamasy bilen berkidildi.
Türkmenleriň Bitaraplyk syýasatyna aýratyn üns berildi. Bu syýasat soňky ýyllarda halkara gatnaşyklaryny ösdürmek we jedelli meseleleri diňe syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmek üçin gural hökmünde netijeliligini subut etdi. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty baradaky oňyn tejribesini beýleki döwletler bilen paýlaşmaga taýýardygy beýan edildi we ýurduň halkara jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary bellenildi.
Türkmenistanyň parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge, durnukly ösüşi, ynsanperwer ugurly çärelerini, howanyň meselelerini we ýaşlar syýasaty meselelerini çözmäge gönükdirilen ädimleriniň we halkara başlangyçlarynyň yzygiderliligine aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, häzirki seminar hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we goňşy ýurtlardan gelen ýaş hünärmenleriň arasynda ynanyşmak medeniýetini döretmek üçin täsirli mehanizm bolup hyzmat eder. Bu şeýle hem häzirki zaman diplomatiýasynyň esasy faktory bolan özara düşünişmegi ösdürmäge möhüm goşant hökmünde görülýär.
Bäş günüň dowamynda, seminara gatnaşyjylar Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda öňe sürülýän – ösüş we gender deňliginiň meselelerinden başlap adam hukuklary we ykdysadyýet ýalydürli ugurlarda ileri tutulýan çemeleşmelere çuňňur düşünmäge mümkinçilik alarlar. Okuw kursy sebitdäki ýaş diplomatlaryň arasynda konstruktiw gatnaşygy ösdürmegi we has durnukly hem-de öňünden aýdyp boljak dünýä gurmak üçin sebitleýin we halkara tagallalary güýçlendirmekde möhüm ädim bolmaklygy maksat edinýär.
“Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti” atly 2-nji halkara bäsleşiginiň açylyş dabarasy hem bu ýokary okuw jaýynda geçirildi. Oňa Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we magistrlary (115 adam), şeýle hem Russiýa Federasiýasy, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Hytaý, Özbegistan we Amerikanyň Birleşen Ştatlary ýaly 7 ýurtdan 29 sany deň-duşlary gatnaşýar. Bu bäsleşigiň geçirilmegi häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda parahatçylykly dialogyň möhümdigini görkezýär we ýaşlaryň arasynda pikir alyşmaga ýardam edýär.
ORIENT