Nýu-Ýorkda 2025 ýylyñ BMG-niñ Dostluk oýunlary geçirilýär
15.04.2025 | 10:19 |Birleşen Milletler Guramasynyñ Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda 2025 ýylyñ BMG-niñ Dostluk oýunlaryna badalga berildi.
Bu waka 2025-nji ýylyñ "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" diýlip yglan edilmeginiñ çäklerinde BMG-niñ Baş Assambleýasynyñ 78/325 belgili "BMG-niñ Dostluk oýunlary" atly kararnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyñ BMG-niñ ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan geçirilýän giñ gerimli sport çäresiniñ başyny başlatdy.
Oýunlar Nýu-Ýorkdaky diplomatik wekilhanalaryñ wekillerini, BMG-niñ sekretariatynyñ we ýöriteleşdirilen edaralarynyñ işgärlerini birleşdirdi. Şu ýyl Oýunlar dünýäniñ 110 ýurdundan 800-den gowrak gatnaşyjyny ýygnady.
Eýýäm Oýunlaryñ birinji gününde futbol ýaryşynyñ topar duşuşyklarynda gatnaşyjylar ýokary topar ruhuny hem-de sagdyn çekeleşmäni görkezdiler.
9-njy aprelde ýoga, küşt we ylgamak boýunça ýaryşlar geçirildi. BMG-niñ ştab-kwartirasynyñ Demirgazyk meýdançasynda dürli ýurtlaryñ we edaralaryñ wekilleri akyl-paýhas we fiziki ugurlarda bäsleşip, Oýunlaryñ esasy maksadyy bolan parahatçylygy we ynanyşmagy ýatlatdylar.
13-nji aprelde tomaşaçylar badminton boýunça yaryşa tomaşa etdiler.
Oýunlar maý aýynyñ ortalaryna çenli dowam edip, öñde basketbol, tennis, woleýbol we stoluñ üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryşlar garaşýar. Oýunlar Ýapylyş dabarasy we ýeñijileriñ sylaglanmagy bilen tamamlanar.
BMG-niñ Dostluk oýunlary baradaky makalalar Oýunlaryñ resmi saýtynda elýeterlidir .
ORIENT news