Iň täze habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylyş işlerine baha berdi

06.07.2025 | 00:10 |
 Türkmen halkynyň Milli Lideri saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylyş işlerine baha berdi

5-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça iş saparyny amala aşyrdy. “Watan” habarlar gepleşiginde şöhlelendirilen bu sapar, diňe bir gurluşygy alnyp barylýan binalaryň adaty gözden geçirilişi bolman, eýem birnäçe möhüm bellikleri we göni tabşyryklary kesgitledi, esasanam saglygy goraýyş ulgdamynda.

Saparyň esasy bölegi Aşgabatda gurulýan we meýilleşdirilýän lukmançylyk edaralarynyň gözden geçirilmegi boldy. Gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow gidişi barada hasabat berdi. Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtyň lukmançylyk edaralarynyň taslamalary, şol sanda M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmaçylyk uniwersitetiniň hassahanalar toplumynyň we Indira Gandi adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň taslamalary bilen tanyşdy hem-de bu taslamalary durmuşa geçirmäge ulgamlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belläp, birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman ösen tehnologiýalaryň we sanly ulgamlaryň saglygy goraýyş ulgamyna işjeň ornaşdyrylmagyny nygtady. Şeýle hem, halkara gatnaşyklaryny ösdürmek arkaly lukmanlaryň tejribesini we hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli tagallalary dowam etdirmäge çagyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, hassahanalar toplumynyň ýanynda lukmançylyk hünärini öwrenýän mugallymlar üçin ýaşaýyş jaýlarynyň, talyplar üçin umumy ýaşaýyş jaýynyň gurulmagynyň mümkinçiligine garamagy teklip etdi. Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, bu ýaşlaryň hünär taýdan ösmegine we amaly tejribe toplamagyna ýardam eder.

Dikuçarda uçuşyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda bar bolan we gurulýan lukmançylyk merkezleriniň ýagdaýy, şeýle hem Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy bilen tanyşdy.

Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterine degişli önümçilik toplumlarynyň, haly kärhanasynyň we metjidiň gurluşygy synlandy. Sapar paýtagtdaky häzirki zaman saglyk merkezlerini synlamak bilen tamamlandy. Bu ýerde halkara standartlarynyň berjaý edilmelidigi hem-de şähergurluşynda we saglygy goraýyş ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalarynyň we dünýä tejribesini mundan beýläk ulanmagyň zerurdygy bellenildi.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: